Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan,
ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur
alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirip,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda 2023-nji
ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen ýertitreme
zerarly doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň çagalaryna
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş
maksatly serişdeleri, azyk, dokma önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde
Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.
Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda
Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny
guramaçylykly, ýokary derejede geçirmäge borçly edildi.