9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk
edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar
Osmanini kabul etdi.
Demirgazyk Makedoniýanyň daşary syýasat edarasynyň
ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň döredijilikli syýasaty alyp barýan, sebit hem-de
halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge möhüm
goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Myhman Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri
halkara guramalaryň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklary amala
aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip,
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, sebit we halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek ýaly meseleleri çözmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, bu sapara
ýurdumyz bilen ÝHHG-niň, şeýle hem Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň
arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde
garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasy ugry yzygiderli
durmuşa geçirýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde
ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we ählumumy howpsuzlygy üpjün
etmäge gönükdirilen maksatnamalarydyr taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň
gatnaşýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu halkara düzümiň çäklerinde
hereketleri utgaşdyrmagyň, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy
berkitmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň möhümdigini nygtap,
meseleleriň giň toplumy boýunça syýasy dialogy alyp barmakda ÝHHG-niň uly
ornunyň bardygyny aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk
we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi,
onuň dürli ugurlar boýunça maksatnamalaýyn esasda yzygiderli ösdürilýändigi
nygtaldy.
Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň üstüni ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda
Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy,
durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara
maslahatyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Mundan başga-da, döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri we kanunyň
hökmürowanlygyny üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm orun berilýändigini
aýdyp, bu ugurda ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigine ünsi çekdi.
Energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we
ygtybarly iberilmegini halkara derejede üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş
üçin şertleri döretmek, ulaglaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, daşky gurşawy
goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda bilelikde anyk
çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de sebitde we dünýäde
parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge
taýýardygyny tassyklady.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna
başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani
ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hem-de
Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, öz tarapyndan
ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen
Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini
nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky
tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow we jenap Buýar Osmani netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk,
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.