Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hususy pudagyň wekillerini şu ýylyň 6 ― 8-nji iýuly aralygynda Ýekaterinburg şäherinde (Russiýa Federasiýasynyň Swerdlow oblasty) «Ýekaterinburg ― EKSPO» halkara sergi merkezinde INNOPROM 11-nji Halkara senagat sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada birleşmäniň resmi saýty habar berýär.
Russiýadaky iň bir iri halkara senagat sergisi her ýyl RF-iň Senagat we söwda ministrligi hem-de Swerdlow oblastynyň hökümeti tarapyndan senagatyň we tehnologiýanyň ösüşiniň ileri tutulýan dünýä ugurlarynyň nazara alynmagy bilen gurnalýar. 2021-nji ýylda Italiýa Respublikasy hyzmatdaş ýurt hökmünde çykyş eder.
Serginiň esasy maksady täze tehnologiýalary we işläp düzmeleri ornaşdyrmak maksady bilen iri rus we daşary ýurt kompaniýalarynyň, kiçi we orta innowasion işewürligiň, maliýe institutlarynyň, ylmy we bilermen bileleşikleriniň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.
«Başarnykly önümçilik» 2021-nji ýylda INNOPROM sergisiniň esasy temasy bolar. Iş maksatnamasyndaky ugurlar: “Sanly önümçilik”, “Senagat üçin innowasiýalar”, “Senagat üçin okuw çözgütleri”, “Maliýe-senagat forumy”, “Şäherler üçin tehnologiýalar”, “Senagatdaky täze materiallar”, şeýle hem metallurgiýa, himiýa, ýerasty baýlyklary gazyp çykarýan, energetika we maşyn gurluşyk senagatynyň wekilleri üçin pudaklaýyn çäreler göz öňünde tutulandyr.
Mundan başga-da, “INNOPROM” sergisiniň geçirilýän günlerinde “Ýekaterinburg-EKSPO” HSM-iň çäginde Ýedinji rus-hytaý EKSPO-sy geçiriler. Bu çäre Russiýanyň we Hytaýyň senagat kompaniýalarynyň we institutlarynyň iň täze önümçilik-tehniki işläp düzmelerini, aktual rus-hytaý taslamalaryny, iki ýurduň sebitleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek maksady bilen geçirilýär.
“INNOPROM” sergisi Ýekaterinburg şäherinde 2010-njy ýyldan bäri geçirilýär we Russiýadaky baş senagat, söwda we eksport meýdançasy bolup durýar. Hindistan, Hytaý, Türkiýe, Günorta Koreýa we Ýaponiýa dürli ýyllarda hyzmatdaş ýurtlar bolup çykyş etdiler.
2019-njy ýylda “INNOPROM” sergisine dünýäniň 22 ýurdundan 600-den gowrak kompaniýa gatnaşdy. Serginiň dowam eden 4 iş gününde oňa 43 müňden gowrak adam bardy.