9-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary syýasy edrasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Başlyklarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we öz ýurdunyň wekilçilikli toparynyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda sapar bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçugyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen A.Owerçugyň arasynda geçirilen duşuşygyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany köptaraply türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna oňyn baha bermek bilen, gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan energetika, ulag-logistika pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ugurda iki döwletiň oňyn özara gatnaşyklary alyp barýandyklary barada umumy pikiri beýan etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi