10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, adam bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende göterip, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny wagyz etmek, bitiren hyzmatlaryna sarpa goýmak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak babatda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. «Arkadag» medaly bilen döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp, doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde görnükli işleri bitiren, durmuş çygryny ösdürmäge, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik guramalarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmäge, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermäge, meýletinçilik hereketini ösdürmäge uly goşant goşan, eneligiň we çagalygyň bähbitleriniň üpjün edilmeginde, enäniňdir çaganyň abraýynyň, mertebesiniň goralmagynda, jemgyýetde çagalara mähirli garaýşyň kemala gelmeginde işleri bitiren raýatlar sylaglanylýar.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda Mejlisiň kararyny okady.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýagşy niýet bilen adamy mertebelemek, sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere goldaw bermek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde mukaddes ýörelgä öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Soňra Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Arkadag” medalyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz özüne Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Men bu sylagy milli däplerimiz esasynda alyp barýan sahawatly işlerimize berlen baha hasap edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer işleri alyp barýar. Ýurdumyzda hemaýata mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Döwletimiz we Hökümetimiz haýyr-sahawat gaznasy bilen bu asylly işleri geljekde-de dowam etdirer diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” medaly bilen sylaglanandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, abadan durmuş arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi.

Wise-premýer sözüniň başynda döwlet Baştutanymyzy “Arkadag” medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ynsanperwer syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Ynsanperwer işler Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň raýatlarymyza durmuş taýdan ýeňillikleri bermekde we bu babatda has oňaýly şertleri döretmekde ägirt uly işleri amala aşyrýandygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle-de wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi egindeşleriniň adyndan Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Dabaranyň dowamynda bu baýramçylygyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi. 1995-nji ýylyň iýul aýynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Şonuň netijesinde täze saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Onuň kemala gelmeginde, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýasynyň döredilmeginde ençeme ýylyň dowamynda bu ulgama ýolbaşçylyk eden hem-de saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly orun degişlidir.

Bu maksatnamany tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek wezipeleri täze konsepsiýany kemala getirdi. Onuň esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde lukmançylyk ylmy ösüşlere eýe boldy, ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylyp, tutuş ulgamda oňyn netijeler gazanyldy, milletiň saglygyny, onuň genofondyny pugtalandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirildi.

Aşgabatda we welaýat merkezlerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy, netijede, saglygy goraýşyň täze nusgasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleriniň giň toplumy peýda boldy. Obalarda, etraplardaky şäherlerde saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine ägirt uly üns berlip, olaryň çäginde täze etrap hassahanalary we saglyk öýleri guruldy, ozal bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalandyrylýar. Ýurdumyza halkara güwänamalaryň 14-siniň gowşurylmagy ilatyň saglygyny goramak ulgamynda Türkmenistanyň ýeten sepgitleriniň aýdyň nyşanydyr.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýokary döwlet sylagy bilen gutlap, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň we jemgyýetimiziň oňyn garaýyşlarynyň, ata-babalarymyzyň parasatly durmuş tejribesiniň öz beýanyny tapýandygyny bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilip, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýaşajyk raýatlaryň abadançylygy, sazlaşykly ösmegi, saglygyny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu babatda giň gerimli we netijeli işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala getirildi. Munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyza şu gün Türkmenistanyň “Arkadag” medalynyň gowşurylmagy hem bu hakykatyň ykrar edilmesidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi