9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Prezident
Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny
amala aşyryp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň
abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanyň Mary,
Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli
Onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini
hödürleýändigi baradaky hoş habar aýdyldy.