“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,
ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň
Prezidentiniň “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak
hakynda” 2023-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň
taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, doly taýýar
edip gurmak şertinde ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga
ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak
we binalary hem-de desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly
taýýar edip tabşyrmak bellenildi.