9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň
orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus
böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga
döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny
bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň
Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna
abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de
Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy
tassyklanyldy.
Döredilen
mümkinçilikden peýdalanyp, A.Owerçuk Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý
sebitinde tebigy heläkçilikden ejir çekenlere Türkmenistanyň iberen ynsanperwerlik
kömegi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky
dostluk we birek-biregi goldamak gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny
we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygynyň
hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň
Aşgabada şu gezekki saparynyň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň
iki ýurduň Hökümetleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklary berkitmäge,
netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam
bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda strategik
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli
ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir
alşyldy. Bellenilişi ýaly, döwletara syýasy dialog yzygiderli ösdürilýär.
Parlamentara hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça özara gatnaşyklar işjeň häsiýete
eýedir. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we
subýektleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Söwda-ykdysady
ulgam ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Köp
ýyllardan bäri Russiýa ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara
haryt dolanyşygy oňyn depgini saklap gelýär. Dürli ugurlarda, şol sanda
nebitgaz we senagat ulgamlarynda, beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üstünlikli
ösdürilýär. Hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde
özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça
tagallalar utgaşdyrylýar.
Ynsanperwer ulgam hem döwletara
gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş
ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Häzirki döwürde
durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde sanly tehnologiýalar ulgamynda
gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki
ýurduň hem geljekde-de netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat
edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem türkmen tarapynyň özara gatnaşyklaryň
geljegi uly ugurlary boýunça russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine
garamaga taýýardygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň
Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus
toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk umumy bähbitlere laýyk gelýän,
uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.