5-nji
oktýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň
Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýaşi Nobumitsunyň arasynda duşuşyk
geçirildi.
Duşuşykda
taraplar özara hyzmatdaşlygyň meselelerini we gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň
energetika we infrastruktura pudaklaryndaky maýa goýum taslamalaryny öwrenmek
esasy mowzuklaryň hatarynda garaldy. Ýapon tarapy dekarbonizasiýa we “ýaşyl”
energetika babatyndaky taslamalar boýunça hem hyzmatdaşlyga gyzyklanma
bildirdi.