Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Gruziýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri
“Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy,
şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93
kysymly awtobenzini we polipropilen önümlerini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň,
Gyrgyzystanyň telekeçileri tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah matany we
nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 93 million 919 müň
dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda
öndürilen önümleri, hususan-da, polipropileni, “Türkmenaglomerat” kondisiýasyz
polipropileni, gaplaýyş we reňkli plýonkany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi
bahasy 27 million 23 müň manatdan gowrak boldy.