6-njy oktýabrda Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat
ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat
bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Aşgabatdaky «Halk hakydasy»
ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar
Berdimuhamedow gatnaşdy.
Paýtagtyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk
hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlara çuňňur sarpanyň, halkyň
beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr.
Şu gün ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi «Ruhy
tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini
goýmak bilen, halkyň gahrymanlaryny hatyraladylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň
ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy
tagzym» ýadygärligine gül çemenlerini goýdy.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow
faşizme garşy söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanyň
erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň
hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine
gül çemenlerini goýdy. Çäre tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow
ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
HHM-niň berýän habaryna görä,
hatyralamak çäreleri Aşgabatda bolşy ýaly, ýurduň ähli welaýatlarynda hem
geçirildi, olaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi.