5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi
kabul etdi.
Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň
möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik
üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Halkara
sergiler býurosynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge
aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle-de ol halkara giňişlikde sergileri guramakda
Türkmenistanyň ýokary derejä ýetendigini belledi.
Prezident
Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň
arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine
ynam bildirdi.
Duşuşygyň
barşynda Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka
işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu
ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir
alşyldy.
Türkmenistanyň
Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny şu ýylyň 2-nji oktýabrynda
Katar Döwletiniň Doha şäherinde bu guramanyň goldaw bermeginde geçirilýän «EKSPO
– 2023 Doha» halkara sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlady hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bellenilişi
ýaly, bu halkara gözden geçirilişde türkmen döwletiniň sergi bölümi guraldy
we 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününi geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek
«EKSPO – 2025» Bütindünýä forumyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini
nygtap, döredilen guramaçylyk toparynyň bu ugurda degişli işleri alyp barýandygyny
aýtdy.
Halkara sergiler
býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, öz gezeginde, Doha şäherinde
geçirilýän halkara sergide ýaýbaňlandyrylan türkmen bölümi bilen
tanşandygyny we onuň özünde uly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Myhman bilelikdäki çäreleriň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge,
Türkmenistanyň dünýäniň sergiler giňişligine geljekde-de işjeň goşulyşmagyna
ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident
Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosy bilen mundan beýläk-de
hyzmatdaşlyk etmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, geljekde Türkmenistanda
halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşe gönükdirilen sergileri geçirmegiň şertlerine
garamagyň maksat edinilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň
ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Halkara sergiler býurosynyň Baş
sekretary netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigine
ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk, işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdiler.