2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynda Gazagystan Respublikasy bilen türkmen işewürleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gazak wekiliýetine «Astana» diplomatlar klubynyň başlygy Kaýyrbolat Sahmetow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen we gazak işewürleri öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar hem-de geljekde söwda- ykdysady, maýa goýumlar, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa, lukmançylyk we gurluşyk senagaty ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, özara tejribe alyşmaga isleg bildirýändiklerini nygtap geçdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy