4-nji okýabrda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz
aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün
etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan
beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işini kämilleşdirmegiň meseleleri girizildi.
Ilki bilen,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz
berildi. Ol hasabat döwründe ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby
gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmek,
olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler
barada hasabat berdi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby
gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine
eýe bolan hem-de mähriban topragymyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň
abadan, döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýan Harby doktrinada
kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi
çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimiziň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Şunda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup
durýar.
Hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam edip, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk
baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň ýurdumyzyň diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň,
Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli
pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini belledi. Şunuň bilen
birlikde, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýän harby
gullukçylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýaş serkerdeleriň
we esgerleriň nazary hem-de söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga
aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Baş prokuror
S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen dokuz aýda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli
ulgamlarynda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmagyň,
raýatlarymyzyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmegiň
zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli
wezipeleriň öz wagtynda çözülmegini, prokuratura edaralarynyň işine döwrebap
usullaryň işjeň ornaşdyrylmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra içeri
işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda tertip-düzgüni
berkitmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň
talaplaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy däp bolan “Ýol hereketiniň
howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň netijeleri barada aýtdy.
Onuň çäklerinde geçen aýda ilatyň ýollarda howpsuzlygyň kadalary baradaky
habarlylygyny ýokarlandyrmaga, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen
düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri guraldy.
Mundan
başga-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Mary
welaýatynyň Mary şäherinde içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin 4 gatly
ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem welaýat Polisiýa müdirliginiň birliklerinde Awtoulaglaryň
tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň gurlup
ulanmaga berlendigi barada habar berildi.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda
kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işinde Içeri işler ministrliginiň
möhüm ornuna, ýokary jogapkärçiligine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, innowasiýalary
hem-de sanly ulgamy netijeli ulanmagyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde
goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň girewi bolup durýandygyny belläp,
ministre degişli tabşyryklary, şol sanda ugurdaş edaralaryň düzümini mundan
beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça
anyk görkezmeleri berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunda ulgamyň işini umumy ykrar edilen
halkara standartlara we täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn
üns berilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini
üpjün etmegiň, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, döwlet we
jemgyýetçilik bähbitlerini goramagyň bu edaranyň möhüm wezipeleridigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz agzalan ulgamyň işgärler kuwwatyny
pugtalandyrmagyň, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, şol sanda sanly
ulgamdan netijeli peýdalanmak arkaly döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, bu
ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra milli
howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew degişli döwürde ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berdi. Ýurdumyzda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy we asudalygy
üpjün etmek bu işiň esasy ugrudyr. Munuň özi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we
okgunly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramakda, Watanymyzyň has-da rowaçlanmagyny,
agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Milli howpsuzlyk
ministrliginiň wajyp ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň öňünde
goýlan wezipeleriň netijeli çözülmeginiň möhümdigini belläp, birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň
ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça
ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, harby gullukçylaryň gullugy,
ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, degişli düzümiň
döwrebaplaşdyrylmagy boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de serhetçileriň üstüne örän jogapkärli
wezipeleriň ýüklenendigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ähli
goňşy ýurtlar bilen dostlugyň, hoşniýetliligiň serhedi bolup durýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak meselelerinde mundan beýläk-de ýakyndan goldaw berjekdigini
belläp, bu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleriň takyk ýerine ýetirilişini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Adalat
ministri M.Taganow şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
hususan-da, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara
hukugyň kadalaryna laýyk getirmek, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini
öwrenmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze kadalaşdyryjy
hukuk namalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, hereket edýän kanunçylygy
yzygiderli seljermegiň ähmiýetini nygtady. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary
döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, geljegi
nazara almak bilen, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam
etmelidir.
Soňra Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe söz berildi. Ol hasabat döwründe bu
düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň bölümlerini edaranyň esasy
wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin niýetlenen döwrebap tehniki
serişdeler bilen üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp we gullugyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy
wezipeler barada aýdyp, Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerleşmegi
esasynda kontinental we transkontinental gatnaw ýollarynyň strategik çatrygy
hökmünde öz ornuny ynamly berkidýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda,
gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň gümrük serhedi arkaly ulag serişdeleriniň
gatnawlarynyň we ýükleriň daşalmagynyň tertibine berk gözegçilik etmek,
bellenen talaplara laýyklykda degişli çäreleri geçirmek babatda anyk
görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz gullugyň işine sanly ulgamyň giňden
ornaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak
meselesine hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň
ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ugurdaş
maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça
amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň esasy
wezipesiniň migrasiýa ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekden hem-de bu
ulgamda hyzmatlaryň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmekden ybaratdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, edaranyň işgärleriniň
hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny aýtdy. Şoňa görä-de,
Watanymyzyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz Harby
doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
düzümini hem-de işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň
goranmak ukybyny has-da berkideris. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak
boýunça hem uly işleri durmuşa geçirmegi dowam etdireris diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we
bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly
üstünlikleri arzuw etdi.