Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Gazagystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet
konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kerosini we polipropileni satyn
aldylar. Şeýle hem BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň,
Şotlandiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tekiz boýalan tüýjümek
önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügidir nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 500 müň
dollaryna golaý boldy.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda
öndürilen bahasy 5 million 400 müň manada deň bolan polipropileni satyn
aldylar.