Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berline amala aşayran saparynyň
dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German
ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň
käbir makroykdysady görkezijilerini beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki wgatda
ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolan 200-e
golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar we 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri
boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlarynyň möçberi
jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir we şunda daşary ýurt maýa
goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine çenlisini düzýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly,
strategik senagat – innowasiýa ösüş depgini maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň
60 göterimden gowrak böleginiň önümçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň hasabyna
üpjün edilýär. Munuň özi senagatymyzyň düzümini üýtgetmäge, importyň ýerini
tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik
berýär.
«Soňky ýyllarda Türkmenistanda ykdysadyýetimiziň
gazhimiýa pudagynda birnäçe maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Olar ammiak,
karbamid, polipropilen, polietilen, sintetiki benzin önümçiligi boýunça gurlan
täze zawodlardyr» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygta