Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Berline amala aşyran iş saparynyň dowamynda Merkezi
Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň
Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda german kompaniýalaryny Arkadag
şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy.
«Soňky 25 ýylyň dowamynda iň häzirkizaman lukmançylyk
enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen
üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli
hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi.
Biz bu asylly işde german hyzmatdaşlarymyzyň baý
tejribesini peýdalanýarys» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Türkmen halkynyň Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp,
saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen köpýyllyk
netijeli hyzmatdaşlyk üçin german tarapyna minnetdarlygymy beýan etdi we
türkmen tarapy geljekde hem german kompaniýalary bilen lukmançylyk enjamlarynyň
önümçiligi, derman senagaty, telelukmançylyk usullaryny işläp taýýarlamak we
ulanmak, öňüni alyş, anyklaýyş hem-de dürli keselleri bejermek ulgamynda german
hünärmenleriniň tejribesini peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
taýýardygyny belledi.
«Şu ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda täze Arkadag
şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda biz bu şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdik. Senagat toplumyny döretmek bu
gurluşygyň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr» – diýip, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň «ýaşyl»
ugurlydygyny hasaba almak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk
senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň
öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde
tutulýandygyny nygtady.
«Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän german
kompaniýalaryny bu toplumy döretmäge gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Gahryman
Arkadagymyz belledi.