28-nji
sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýetiň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň
öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hususy düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny
açyp, oňa gatnaşyjylary eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly
bellenilýän 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi
ugrunda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala
aşyryljak iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat bilen çykyş
etdi.
Ilki bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni
bilen hemmeleri mähirli gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň we
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň
Garaşsyzlygyň 32 ýylynda belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetendigini,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny, ýurdumyzyň
halkara abraýynyň has-da artýandygyny belledi hem-de şeýle üstünlikleriň döwletiň
içeri we daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenmeginiň netijesinde
gazanylýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşary syýasat
strategiýasynda oňyn Bitaraplyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly
orun berýär. Şu nukdaýnazardan, bu strategiýada Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary,
şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ilerledilmegine
möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Germaniýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar uzak
möhletleýin esasda ýola goýulýar. Ýokary tehnologiýalar, senagat, ulag we oba
hojalyk ulgamlarynda özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi.
Milli Liderimiziň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasynda
«Merkezi Aziýa — GFR» görnüşinde duşuşygyň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda
ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi esasynda dürli ugurlar boýunça
ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi babatda täze gözýetimleri açýan
meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýa bilen
ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ileri tutulýan
ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Iş maslahatynyň dowamynda hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda,
aýratyn-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, telekeçilik we
medeni-ynsanperwer ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara
ynanyşmak ýörelgeleri esasynda işjeň giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň
bardygy bellenildi hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilip,
onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirildi.