Ýakynda
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen
Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýanyň arasynda
gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar
Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
häzirki gün tertibi we mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň geljegi
barada pikir alyşdylar.
R.Meredow Bütindünýä gümrük
guramasy bilen hyzmatdaşlygyň gümrük işini kämilleşdirmek, harytlaryň serhetara
hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de sebitleýin we halkara söwdany
ösdürmek nukdaýnazaryndan Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny
belledi. Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň ösmegine, şeýle hem ýurduň
ulag-logistika mümkinçiliklerine uly ähmiýet berýändigi bellendi. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanda täze ulag we üstaşyr merkezleri we gümrük desgalary
döredildi, gümrük hyzmatlarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär.
Taraplar Bütindünýä gümrük guramasy
tarapyndan guralýan halkara we sebit duşuşyklaryň, maslahatlaryň we
geňeşmeleriň çäginde üstünlikli özara gatnaşyklar barada bellediler. Halkara
gümrük işleri bilen baglanyşykly hukuk binýadyny giňeltmek we berkitmek üçin
hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.