26-njy
sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli
dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy
bilen gutlady we şu baýramçylyk günlerinde doganlyk Türkmenistana ýene-de
gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Tatarystan
Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna
goşan saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýär.
Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany gadymy we
myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de gutlaglarydyr
hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Tatarystan
Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň okgunly we netijeli häsiýetini belledi. Şol
hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň çäklerinde
üstünlikli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, Tatarystan ýurdumyzyň has işjeň we
ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän
duşuşyklar we gepleşikler däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam
edýär.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply
türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada
düýpli pikir alşyldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — “KamAZ” açyk
paýdarlar jemgyýeti we “Tatneft”, “KER-Holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod”
kompaniýalary bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.
Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny
giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Rustam Minnihanow ýurdumyzda
döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna
berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki
belent abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek
babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň seljermesini geçirýär. Şunuň bilen birlikde,
Türkmenistany we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny ynsanperwer
ulgamda öňden gelýän netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Bu
babatda ylym, bilim we medeniýet ugurlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak
boýunça özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy.
Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň wekiliýetleri, alymlary,
medeniýet işgärleri ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlara, döredijilik
festiwallaryna işjeň gatnaşýarlar.
Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň türkmen-tatar
dostlugyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýene-de bir ädim
boljakdygyna ynam bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet
işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa
parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine
hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine mähirli
salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şol gün Türkmenistanda
bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Köpetdagyň etegindäki gözel
künjekde ýerleşýän Arkadag şäherine baryp gördi. Tatarystanyň Baştutany
ekologiýa, durmuş düzümine we binagärlik keşbine bildirilýän ýokary talaplara
laýyklykda gurlan ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji “akylly” şäheriň medeni
merkezleri, ajaýyp ýerleri bilen tanyşdy.
Belent mertebeli myhman täze şäheriň ajaýyp
binagärligine, ýerli gözel tebigat bilen sazlaşyk döreden binalaryň we
desgalaryň özboluşlylygyna haýran galýandygyny aýtdy. Bu şäher okgunly ösýän,
döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan
Türkmenistanyň täsin bezegine öwrüldi.