Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Hytaýyň telekeçileri “Türkmenhimiýa”
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki ýody, Owganystanyň işewürleri
bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni
satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap
Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň
işewürleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşlerini,
ýorgan-düşek toplumlaryny, erkek adamlaryň köýneklerini, rulon pamygy, nah
ýüplügi, jinsi matalaryny, dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi
satyn aldylar. Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 26 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda
öndürilen bahasy 2 million 880 müň manatlyk polipropileni satyn aldylar.