25-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň
durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine
uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini,
önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik
işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli
döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli
däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda we baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti,
ýokary hünär ussatlyklary üçin ildeşlerimiziň birnäçesi “Garaşsyz Türkmenistana
bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin”
medallary bilen sylaglanyp, hormatly atlara mynasyp boldular. Döwlet
sylaglarynyň we hormatly atlaryň dabaraly gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe tejribesini, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny
Watanymyza hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna ýurdumyzda aýratyn
hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maksada okgunly, zehinli, öz borjuna
wepaly, watansöýüji şahsyýetler ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.
Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini
pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri milli gymmatlyklara, däp-dessurlara, taryhy
mirasa hormat goýmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik ruhunda
terbiýelemekde, bilim bermekde bitiren uly hyzmatlary üçin “Zenan kalby”
ordenine mynasyp bolan zenanlaryň hem-de “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly
at dakylan ýaşuly nesliň wekilleriniň goşandy aýratyn bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara
Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary ýetip
gelýän beýik baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar
hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp
barýan işlerinde täze sepgitleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginlerde
ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala
aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda,
Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny belende götermekde ýurdumyzyň her bir
raýatynyň uly goşandynyň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda,
Watanymyzyň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyz
hormat-sylaga mynasyp bolýarlar. Halkymyzyň joşgunly we döredijilikli zähmeti
netijesinde ýurdumyz gün-günden gülläp ösýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly” şygary astynda geçýän ýylda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt
uly durmuş-ykdysady maksatnamalar, senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak,
ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak babatda iri taslamalar üstünlikli
durmuşa geçirilýär.
Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlardan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän häzirki zaman
kärhanalary, ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalary ulanmaga berilýär.
Watanymyzyň sebitlerinde, hatda iň alys künjeklerinde hem halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanmagy ýurdumyzyň ösüşiň täze
belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.
Çärä gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç
duýgusy we tolgunma bilen kabul edip, çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi
üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdiler.
Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy
arzuwlaryny beýan edip, özleriniň ähli gujur-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny
döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan, halkymyzyň agzybirligini we
jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň rowaçlygyna
gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna
ynandyrdylar.
Şeýle-de düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň
hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, edebiýat, medeniýet we
sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň
arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly
baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem
geçirildi.