24-nji
sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň
öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka
öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly
ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen
düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.
Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda
hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen,
döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz,
baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan
döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
...Maslahat köşgünde aýratyn dabaraly we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu
ýere ýurdumyzyň ähli künjeginden wekiller ýygnandylar. Mejlise gatnaşýanlar
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el
çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri zalyň sahnasyna geçýär we foruma gatnaşyjylary
mähirli mübärekleýär. Munuň özi türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň
barha uly ähmiýete eýe bolýandygynyň we rowaçlanýandygynyň aýdyň
subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip,
ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerinden ugur alyp, şu gün Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda,
Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýram
edilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini
belledi.
Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet
häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň,
jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we
şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary,
hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik
wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bu biziň göterilen
ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar
döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak,
geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň
gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk
tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.
Dabaraly pursat gelip ýetýär: Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow
Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär. Türkmenistanyň Döwlet
senasy ýaňlanýar. Umumymilli foruma gatnaşyjylaryň ählisi oňa öz seslerini
goşýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumynyň
saýlanan agzalaryny öz ýerlerine geçmäge çagyrýar.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary we ýurdumyzyň ähli halkyny ýetip gelýän şanly
baýram bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
rowaçlyk arzuw edip, umumymilli foruma gatnaşýanlaryň onuň gün tertibi bilen
tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryny belledi hem-de ara alyp maslahatlaşmaga
girizilen meseleler we resminamalar boýunça tekliplerdir bellikleriň bardygy
ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy.
Ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda türkmen halkynyň
Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu günki mejlisiniň gün
tertibiniň tassyklanýandygyny yglan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde maksatnamalaýyn
çykyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
çykyşy uly üns berlip diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibine hödürlenen meseleleri ara
alyp maslahatlaşmaga geçip, oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Soňra gysga wagtlyk arakesme yglan edildi. Arakesmeden soňra, Halk Maslahatynyň
mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini
dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleri beýan
etmek üçin döwlet Baştutanymyza söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp,
mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we
hemmelere berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk
binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri
arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz mejlisde maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň ýerine ýetiren işleri
baradaky çykyşyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, edilen işler barada sowallaryň, çykyş etmäge
isleg bildirýänleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada gyzyklandy. Soňra isleg
bildirenler söz berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk forumynyň
wekilleriniň çykyşlaryny diňläp, beýan edilen teklipleri Mejlisiň
deputatlarynyň garamagyna bermegiň zerurdygyny belledi.
Soňra arakesme yglan edildi. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hormatly Prezidentimiz toý
sadakasyna gatnaşdylar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy we Türkmenistanyň abadançylygy,
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jan saglygy, ähli asylly
işleriniň we başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi dileg edilip, aýat-töwir
okaldy.
Arakesme wagtynda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Onda Halk
Maslahatynyň işiniň geçişi barada durlup geçilip, oňa gatnaşyjy wekilleriň
çykyş etmeginde aýdylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda ýurdumyzda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala
aşyrylýan taryhy özgertmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Döwlet Baştutanymyza
Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky teklibe garamak
esasy meseleleriň biri boldy. Şunda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly
ösdürmäge, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Garaşsyz, baky
Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrmaga
gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hyzmatlary aýratyn bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan döwlet
Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hakyndaky
teklibiň biragyzdan goldanylmagy onuň ählihalk goldawyna eýe bolýandygynyň
aýdyň subutnamasydyr.
Mejlisiň maslahatynda ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesi boýunça degişli
çözgüt kabul edildi.
Arakesme tamamlanandan soňra, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol
foruma gatnaşyjylary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen karar bilen
tanyşdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisi dowam edip, hormatly Prezidentimize
zähmetde öz gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen
sylaglamak hakynda resminamalara gol çekmegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol
çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy
boýunça ertir sylaglamak dabaralarynyň boljakdygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň
belleýşi ýaly, Halk Maslahatynda, däp bolşy ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri
sylaglar bilen sylaglanylýar. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylaryň
adyndan Arkadagly Serdarymyza her welaýatdan we Aşgabat şäherinden “Hormatly il
ýaşulusy” diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary
gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň
agzalary bilen bilelikde umumymilli foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el
çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda
gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza minnetdarlyk
sözleri bilen ýüzlenip, bu ýokary sylagyň mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin
mundan beýläk-de yhlas bilen, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekmäge borçly
edýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüne berlen ýokary baha we
Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirip, bu sylagyň halkymyzyň özüne bildiren uly ynamydygyny, bu belent ynamy
ödemek üçin mundan beýläk-de jan aýaman, yhlas bilen zähmet çekjekdigini
belledi. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene-de bir gezek
berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs
ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadagly Serdarymyzy
Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlap, eziz
halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň we Russiýanyň
Gahrymany, Russiýa Federasiýasynyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň
tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg
Kononenkonyň häzirki wagtda älem giňişliginde öz uçuşyny ýerine ýetirýändigini
belläp, onuň türkmen halkyna gutlagynyň göni ýaýlymda beýan ediljekdigini habar
berdi.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos
stansiýasyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri umumymilli forumyň geçirilmegi bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Mejlisiň dowamynda sylaglamak hakyndaky Permanlary okamak üçin Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada
mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp
bolan ildeşlerimize dürli ulgamlarda tutanýerli zähmeti, ýaşlary watançylyk we milletiň
belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýeländikleri üçin sylaglary
gowşurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylara jemleýji söz bilen
ýüzlenip, şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde örän möhüm meseleleriň giňden ara
alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de geljekde Prezident Maksatnamasyna laýyklykda
öňde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini belledi we ählihalk forumyna işjeň
gatnaşandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz öňümizde Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy ösdürmek boýunça
belent maksatlaryň goýlandygyny nygtap, olaryň hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ähli halkymyz bilen bilelikde üstünlikli amala aşyryljakdygyna
berk ynam bildirdi. Biz bu işlerde gujur-gaýratly, ukyp-başarnykly we bilimli
hem synmaz erkli ýaşlarymyza daýanýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa
adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç
bolup çykyş eder diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň jemini jemläp, mundan beýläk hem her bir
raýatymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly sepgitlere ýetmek üçin etmeli işleriň
köpdügini belläp, bilelikdäki tagallalar bilen bu möhüm wezipeleriň üstünlikli
çözüljekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz hemmeleri şanly baýram — berkarar Watanymyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we
hemmelere iň gowy arzuwlaryny hem-de “Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly bilen, öňe,
öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ganatly sözlerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan
etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi