22-nji
sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy,
käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň ykdysady
toplumyň we bank edaralarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp,
gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýurdumyzda bazar gatnaşyklary işjeň ösdürilýär, döwlet-hususy
hyzmatdaşlygy berkidilýär, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin oňyn şertler
döredilýär. Şunuň bilen birlikde, maliýe, salgyt-býujet ulgamynyň işine täze usullar
we sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi milli maksatnamalaryň,
hususan-da, Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine gönükdirilen
maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň uzak möhletli bähbitlerini nazara almak bilen, örän
wajyp ykdysady çözgütleriň kabul edilýändigini belledi. Şol wezipeleri
üstünlikli çözmek üçin maliýe-ykdysady toplumyň işinde döwrebap çemeleşmeleri
işjeň ulanmak, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.