Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda şanly senä bagyşlanyp, ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olara şäher, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallalar üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda halkymyzyň rowaçlygynyň möhüm ugry hökmünde welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine ägirt uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde sebitleri ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Baýramçylyk öwüşgininde bezelen täze desgalaryň töwereklerinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

 

* * *

22-nji sentýabrda paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 10-sy açylyp ulanmaga berildi.

Paýtagtymyzyň günorta-gündogar böleginde kemala gelýän ýaşaýyş toplumynyň desgalary bilen sazlaşykly utgaşýan täze, köp gatly ýaşaýyş jaýlary Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky nyşany boldy.

6 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 54 öýden, 4 ýaşaýyş jaýynyň hem her biri 36 öýden ybarat bolup, olar häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýän giň, ýagty otagly, iň täze hojalyk tehnikalary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär. Olaryň gurluşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýän ýurdumyzda öndürilen häzirki zaman binagärlik we bezeg serişdeleri ulanyldy. Binalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.

* * *

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň açylyş dabarasy boldy.

Baş şäherimiziň gün-günden gözelleşýän demirgazyk künjeginde ähli zerur düzümleri bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat amatly toplumyň gurulmagy dowam edýär. Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren bu ýaşaýyş jaý toplumy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda köp gatly ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej jaýlarynyň gurulýandygy bellärliklidir. Munuň özi halkymyzyň isleglerine we döwrüň talabyna laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge bolan mümkinçilikleri has-da artdyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ählisinde bolşy ýaly, olarda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.

* * *

Ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli guralan möhüm çäreleriň hatarynda  22-nji sentýabrda  Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesil barada bimöçber aladasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäheriň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, çagalar seýilgähiniň gurluşygy ynanylan kärhananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem myhmanlaryň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen watandaşlarymyzyň hem bardygyny bellemek gerek.

Desganyň düýbüni tutmak dabarasy şäheriň döwlet sirkiniň we teatrlaryň artistleri tarapyndan taýýarlanylan köpöwüşginli edebi, aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Dabaranyň barşynda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň degişli düzümleriniň netijeli işiniň ýola goýlandygy, bu ýerde şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülendigi bellenildi.

***

22-nji sentýabrda Gökdepe etrabynda täze, döwrebap obalaryň ikisiniň — Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalarynyň açylmagy welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabryndaky kararyna laýyklykda, Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesi berildi. Mundan beýläk bu obalar, degişlilikde, «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasy» we «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasy» diýlip atlandyrylar.

Döwrebap obalary gurmak döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň sebitlerinde durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir. Täze obalarda şäherlerdäkiden tapawutlanmaýan zerur durmuş düzümi döredilipdir. Oba ýerlerinde şäher amatlyklaryna ýakyn durmuş şertlerini üpjün etmek täze gurulýan obalaryň gurluşygyna bildirilýän esasy talaplaryň biridir. Bu täze obalarda-da häzirki zaman amatlyklary üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, söwda merkezleri bina edildi. Olaryň gurluşygynda oba ýerleriniň we halkymyzyň durmuş ýörelgeleri hasaba alnyp, ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredildi.

Nurly zaman obasynyň açylyş dabarasy türkmeniň gelin toýy we onuň däpleri bilen dowam etdi. Häzirki döwürde medeni-ruhy we maşgala gymmatlyklaryna ygrarly halkymyz asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ajaýyp toý däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýär.

Köpetdagyň ýalkymy obasynda hem baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde maşgalada täze bäbegiň dünýä inmegi mynasybetli geçirilen toýda nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlarymyz öz beýanyny tapdy. Onda bäbejige bagtly durmuş, berk jan saglyk we ähli gowulyklary arzuw etmek bilen utgaşýan däp-dessurlary synlamak bolýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda döwrebap desgalaryň açylmagy möhüm ähmiýetli waka boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi