20-nji
sentýabrda ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda
paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň
XXIV maslahaty geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen
foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we
Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Daşary
ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary
pugtalandyrmak ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine dünýä
döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtlarda ýaşaýan
türkmenler ýurdumyzyň durmuşyna we geçirilýän köp sanly çärelere işjeň
gatnaşýarlar hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň şaýady bolýarlar.
Türkmenistanyň
halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini we
özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň
ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. 1991-nji ýylyň maý aýynda
döredilen birleşik ykbalyň emri bilen taryhy Watanyndan uzaklara düşen
ildeşlerimizi jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama
öwrüldi.
Şanly waka
mynasybetli paýtagtymyzyň “Mekan” köşgüniň öňündäki meýdançada medeniýet
işgärleriniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
belent ruha beslenen aýdym-sazlary diňläp, olary ýerine ýetirijiler bilen
söhbetdeş boldy.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän
milli sungaty biziň günlerimize gelip ýetipdir we bu sungat dürli döwürleri,
nesilleri baglanyşdyrmak arkaly has döwrebap derejä çykaryldy. Aýdym-saz
sungaty türkmen halkynyň durmuşynda hemişe möhüm orun eýeläpdir. Ähli
döwürlerde bagşylaryň ussatlygy nusgawy şahyrlaryň eserleriniň aýratyn owaz
bilen ýaňlanmagyny şertlendirdi.
Magtymguly
Pyragynyň «Bu gün» atly ajaýyp goşgusy esasynda döredilen aýdymyň käbir
sözleriniň üýtgedilmegi hemmeler tarapyndan söýlüp diňlenilýän aýdymyň umumy
mazmunyna zyýan ýetirmän, eýsem, onda özboluşly sazlaşyk döredýär diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi we bu ýörelgäniň bagşylaryň ussatlygynyň
derejesidigini aýtdy.
Bu ýere
ýygnanan aýdymçy-sazandalaryň uzak ýyllaryň dowamynda beýik halypalar bilen
işländigini we häzirki döwürde olaryň özleriniň ussat halypalar bolmak bilen,
milli sungatymyzy häzirki zaman estrada usullary bilen baýlaşdyrýandyklaryny
belläp, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara türkmen halkynyň ruhuna
kybap gelýän hem-de mähriban topragymyzyň ajaýyplyklaryny, Watanymyzyň ýeten
derejesini, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda
amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän täze aýdymlary döretmekde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Maslahat
başlanmazynyň öňüsyrasynda, oňa gatnaşyjylar bu ýerde türkmen halkynyň baý
medeni mirasyny, taryhyny, özboluşly dessurlaryny hemmetaraplaýyn we
köpöwüşginli esasda görkezýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen
tanyşdylar. Sergidäki muzeý gymmatlyklary, milli lybaslaryň görnüşleri, saz
gurallary, zehinli zergärleriň nepis işleri, halylar, gobelenler we surat
eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň
halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän
kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Bu eserler ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş
nesilleriniň zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerinde, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Watanymyzyň geljekki ykbalyna jogapkärçiligine düşünmeklerini
gazanmakda uly ähmiýete eýedir.
Şeýle hem bu
ýerde ýurdumyzyň derman senagatynyň ýeten derejesini beýan edýän köp sanly
lukmançylyk serişdeleri we sahawatly türkmen topragynda ösýän dermanlyk
ösümliklerden taýýarlanylan serişdeler görkezildi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda
düýpli ylmy gözlegleri alyp barmakda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň
doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk
ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy işi ähmiýetli gollanma bolup hyzmat edýär.
Bagşy-sazandalaryň
çykyşy bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olaryň
sungaty halkymyzyň döreden baý medeni mirasynyň derejesini görkezdi.
Gahryman
Arkadagymyz bagşy-sazandalara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly
wakalaryň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň
gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz bu gadymy milli
sungaty mundan beýläk-de häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürmegiň
wajypdygyna ünsi çekip, olara mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw
etdi.
Maslahata
gatnaşyjylar Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine (DTYB) ýolbaşçylyk
edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler.
Gahryman
Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň öňünde giriş sözi bilen çykyş etdi.
DTYB-nyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň agzalaryny mübärekläp, indi
birnäçe ýyl bäri mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmegiň asylly däbe
öwrülendigini belledi. “Ynha, bu günem şol asylly däbimize eýerip, milli
Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň
ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky XXIV maslahatyny geçirýäris. Sizi birleşigiň
nobatdaky maslahatynda hoş gördük!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni
dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda
geçirilýän şu gezekki maslahata gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyndan, Eýran
Yslam Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw
Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan,
Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Owganystandan
wekiller geldiler. Şeýle hem maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň
deputatlary, birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary,
daşary ýurt wekilleri, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň syýasy
partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary hem-de talyplar,
döredijilik işgärleri gatnaşýarlar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV
maslahatyny açyk diýip yglan etdi.
Dabaraly
ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze maksatlaryny we wezipelerini
nazara almak bilen, DTYB-nyň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatlary hem-de
onuň işiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özünde jemleýän forumyň gün
tertibi biragyzdan tassyklanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny
okamak üçin Gahryman Arkadagymyza söz berildi.
Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatynyň öz işine başlamagy
bilen mübärekläp, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Türkmenistanyň milli baýramy
bolan Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilýän bu
maslahatyň eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmak, dünýä
türkmenlerini jebisleşdirmek hem-de dostlukly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek
babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýandygyny belleýär.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan
türkmenleri jebisleşdirýän hem-de adamzadyň parahatçylyk ugrundaky beýik
maksatlaryna öz mynasyp goşandyny goşýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň alyp barýan işleri has-da kämilleşýär we rowaçlanýar. Birleşigiň
daşary ýurt bölümleri bu gün doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmekde,
ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, aýratyn-da, halkymyzyň baý ruhy we medeni
mirasyny wagyz etmekde uly işleri amala aşyrýarlar diýlip, Gutlagda aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, geljekde-de dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan watandaşlarymyz
bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmak biziň döwlet
syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galar.
Biz dünýä
döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen
hoşniýetli gatnaşyklarymyzy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
yzygiderli pugtalandyrarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Hormatly il ýaşulusy
Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagy okap, Watanymyzyň dünýäniň dürli
döwletlerinde ýaşaýan doganlarymyzy özüniň atalyk aladalary bilen gurşap
alýandygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan halkara guramalar, dünýäniň köp sanly
ýurtlary bilen syýasy hem-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara
esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli durmuşa geçirip, bu ugurda
netijeli hyzmatdaşlygyň çägini has-da giňeldýär.
Mähriban
Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde üstünlikli
durmuşa geçirilýän maksatnamalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler bu gün dünýä
türkmenlerini hem çäksiz buýsandyrýar we galkyndyrýar, dünýäniň dürli
künjeginde ýaşaýan türkmen doganlarymyz özlerini hossarly duýýarlar, ata Watanymyzda
gazanylýan taryhy ähmiýetli üstünliklere guwanýarlar diýip, Gahryman
Arkadagymyz belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşýan daşary
ýurtly doganlarymyzyň we bu ýere ýygnananlaryň adyndan iberen çuňňur manyly,
hoşniýetli arzuwly Gutlagy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
tüýs ýürekden alkyş aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.
Maslahatyň
dowamynda daşary ýurtly wekiller halkymyzyň abadan durmuşynyň we Türkmenistanyň
halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen, üstünlikli durmuşa
geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar, ýurdumyzda amala
aşyrylýan we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Soňra
maslahata gatnaşýan daşary ýurtly watandaşlarymyza söz berildi. Çykyş edenler
pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge we häzirki döwürde şöhraty dünýä
dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga döredilen
mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Eýrandan,
Täjigistandan we Özbegistandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurtlardaky
bölümleriniň işleri barada gürrüň berip, häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň sebitiň döwletleri bilen ähli ugurlarda däp bolan
dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy
hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýändigini uly buýsanç
bilen nygtadylar.
Şunuň bilen
baglylykda, foruma gatnaşýan wekiller daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan
türkmenlere hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi we ýurdumyzyň maliýe
serişdeleriniň hasabyna doganlyk döwletlerde durmuş maksatly desgalaryň,
hususan-da, mekdepleriň gurulýandygy üçin pederlerimiziň ýagşy dessurlaryna
hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, ýola goýlan gatnaşyklaryň netijesinde, dünýäniň dürli
künjeklerinde ýaşaýan türkmenler öz ene dilini, ýüzýyllyklaryň dowamynda
saklanyp gelýän milli däplerini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny saklaýarlar we
nesilden-nesle geçirýärler.
Her gezek
mähriban Watanymyz Türkmenistana gelenimizde, biz pederlerimiziň, beýik şahyr
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilen, milletiň agzybirligi we
bitewüligi hakyndaky arzuwlarynyň durnukly we güýçli döwletde hasyl
bolýandygyna göz ýetirýäris diýip, daşary ýurtly wekiller aýratyn nygtadylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, görnükli nusgawy şahyr we Gündogaryň akyldary
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň çäklerinde onuň edebi
mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, köp sanly ýurtlarda maslahatlar,
tanyşdyrylyş dabaralary, döredijilik duşuşyklary guralýar. Şeýle hem türkmenler
bilen beýleki halklaryň arasynda özara düşünişmek we dostluk gatnaşyklaryny
pugtalandyrmak meselelerine ýardam berýän sergiler, Medeniýet günleri,
aýdym-sazly çykyşlar, beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär.
Forumyň belent
münberinden çykyş edenler abraýly, ýurdumyzyň daşynda hem giň meşhurlyga eýe
bolan gurama hökmünde ykrar edilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň dostlukly gatnaşyklary, raýdaşlygy berkitmek, ählumumy
parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak işinde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hem foruma
gatnaşyjylar mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine, ýeten derejesine,
pederlerimiziň topragynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
esasy aýratynlygy bolan giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna
buýsanç duýgularyna beslenen daşary ýurtly watandaşlarymyz hakynda yzygiderli
alada edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Pursatdan
peýdalanyp, foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda Merkezi Aziýa
döwletleriniň arasynda dostlugy we hoşniýetliligi, özara düşünişmegi,
hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde,
ýurtlarymyzyň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde
ösdürmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden
gutladylar.
Çuňňur
many-mazmunly çykyşlary üçin daşary ýurtly doganlarymyza minnetdarlyk bildirip,
türkmen halkynyň Milli Lideri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe pederlerimiziň asylly däplerine eýerip, ýurdumyzda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dünýäniň çar künjeginde
ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary berkitmek boýunça işleriň dowam
etdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işine işjeň gatnaşýan, şeýle hem
birleşigiň maksatlaryny, wezipelerini goldaýan, onuň işine ýakyndan ýardam
berýän adamlary sylaglamak we höweslendirmek maksady bilen, «Ynsanperwerligiň
sarpasy» atly nyşan döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Dünýä türkmenleriniň
ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe DTYB-nyň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly
goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny,
taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna ýetirmekde, dünýä
türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap ata Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan
üstünliklerini, dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny
ösdürmekde, wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli, Dünýä türkmenleriniň
ynsanperwer birleşiginiň agzalaryny ýörite nyşan bilen sylaglamak kararyna
gelendigini aýtdy.
Maslahata
gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda DTYB-nyň Prezidenti birleşigiň
birnäçe agzasyny «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak hem-de
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyny 2024-nji ýylyň
sentýabr aýynda çagyrmak hakynda Kararlara gol çekdi.
Soňra
guramanyň has tapawutlanan agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup
ýaşaýan türkmenleriň wekillerini «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen
sylaglamak dabarasy boldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly sylaglary gowşurmagy
DTYB-nyň guraýan çärelerine işjeň gatnaşýan daşary ýurt raýatlarynyň we
türkmenistanlylaryň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky beýanyna
öwrüldi.
Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty tamamlanandan soňra, oňa
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme
kabul etdiler.
«Mekan»
köşgüniň belent sahnasynda ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat
ussatlarynyň mähriban topragymyzy wasp edýän aýdym-sazlary döredijiligiň we
ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň belent abraýynyň senasy bolup
ýaňlandy.
***
Asylly däbe
görä, daşary ýurtly watandaşlarymyz Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlygynyň
32 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak ähli toý-dabaralara gatnaşarlar.