BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak
üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow şu gün günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy.
Prezidentler derejesindäki bu birinji duşuşyk
meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara
baglanyşyk, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak
üçin mümkinçilik boldy.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine
esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, döwlet Baştutanymyzyň
ýolbaşçylygynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy
giňeldýär. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini
işläp taýýarlamakda işjeň we başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygyň,
howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, ählumumy rowaçlygyň bähbidine
strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Döwletimiz
halkara gatnaşyklary ýola goýmakda hoşmeýilli erk, deňhukuklylyk, öňdebaryjy
tejribäni we oňyn pikirleri paýlaşmak esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini
nazara almagyň möhümdiginden ugur alýar. Şeýle çemeleşme BMG-niň maksatlaryna
we Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, pugta döwletara
gatnaşyklaryň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen
Ştatlary bilen gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýola goýulmagyna
hem ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Gazagystan, Gyrgyzystan,
Täjigistan we Özbegistan bilen, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit
düzümleriniň ugry boýunça bolşy ýaly, “C5+1” diplomatik meýdançasynyň
çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylda döredilen wagtyndan
bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada
howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy
hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda “Merkezi
Aziýa — ABŞ” dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň
duşuşyklary we ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak hem-de howpsuzlyk
boýunça iş toparlarynyň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi.
2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri
tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy Hökümetleriň arasynda
gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we
beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1” dialogynyň Sekretariaty döredildi.
Häzirki wagtda bu formatyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy,
durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki iş dowam
etdirilýär.
Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle
hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçýän
şu gezekki iri diplomatik çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň
arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakadyr. Sammitiň gün tertibine
ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün
etmek, howanyň üýtgemegi, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak
bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy
halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
...Günüň
ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag
kerweni Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Baştutanlarynyň “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygynyň
geçirilýän ýerine — ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky
wekilhanasynyň binasyna tarap ugrady.
Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdeniň başlyklyk etmeginde geçirilýän
ýokary derejeli çärä Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Bellenilişi
ýaly, şu gezekki duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleri bilen Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň arasyndaky uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň
maksat edinilýändigini görkezýär. Şeýle çemeleşme dostlukly, özara hormat
goýmak esasyndaky gatnaşyklarymyz, hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi, özara
bähbitlere düşünilmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň, ykdysady
ösüşiň we abadançylygyň bähbidine ulanylyp bilinjek we hökman ulanylmaly uly
kuwwata hakyky baha berilmegi bilen şertlendirilendir.
Duşuşygyň
dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip
ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň
çykyşlarynda bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Ýokary
derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, parahat we gülläp ösýän
Merkezi Aziýa BMG-niň Tertipnamasyny, onuň esas goýujy ýörelgelerini berjaý
etmek arkaly ähli ýurtlaryň Garaşsyzlyga, özygtyýarlylyga we çäk bitewülige
hemişelik ygrarlylygyny talap edýär. Bellenilişi ýaly, bu sammit Merkezi Aziýada
özara düşünişmegi, ynamy pugtalandyrmaga, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün
etmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin amatly
şertleri döretmäge itergi berer.
Umuman,
ýokary derejede geçirilen duşuşyk netijeli altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
taryhynda täze sahypany açdy. Öňe sürlen netijeli başlangyçlaryň durmuşa
geçirilmegi eýýäm ýakyn geljekde sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň,
durnuklylygyň, durnukly ösüşiň, abadançylygyň bähbidine ýola goýlan
gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem
şu gün döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi
meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy.
***
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Metropoliten” sungat muzeýine
ugrady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasy mynasybetli ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul
edişlige gatnaşdy.
“Metropoliten”
sungat muzeýiniň (The Metropolitan Museum of Art) dünýäniň iri sungat
muzeýleriniň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Ol 1870-nji ýylda
esaslandyryldy we 1872-nji ýylyň fewralynda bu ýere gelýänler üçin ilkinji
gezek gapylaryny açdy. Amerikan arhitektorlary Kalwert Wo we Jeýkob Mold
tarapyndan neogotik ýörelgesi esasynda taslamasy işlenip düzülen “Metropoliten”
özüniň häzirki binasyna 1880-nji ýylda göçüp bardy. Bu bina bäşinji Awenýuda
ýerleşýär. Häzirki wagtda muzeýde millionlarça eser saklanýar. Onda Gadymy
Müsür, grek-rim sungatynyň eserleriniň uly toplumlary, Ýakyn we Uzak Gündogaryň
sungaty we medeniýeti, yslam sungaty boýunça gymmatlyklaryň giň toplumy
ýerleşýär. Bu ýerde Aziýanyň, Afrikanyň, Okeaniýanyň we Amerikanyň halklarynyň
sungaty hem giňden görkezilýär.
Soňky
ýyllarda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň muzeý
gymmatlyklary daşary ýurtlarda-da görkezilip başlandy. Munuň özi milli
gymmatlyklary wagyz etmäge ýardam edýär. 2016-njy ýylda guralan “Köşk dünýäsi
we älem: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu
sergi üç aýyň dowamynda Nýu-Ýorkuň “Metropoliten” muzeýinde ýaýbaňlandyryldy.
Onda ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary görkezildi. Şol gymmatlyklar Beýik
Seljuklar döwletinde, Gadymy Merwde sungatyň ösüş derejesine şaýatlyk edýär.
Resmi kabul
edişlik hem-de Nýu-Ýorka iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet
Baştutanymyz Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden
Watanymyza ugrady.
Aşgabada
çenli köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, hormatly Prezidentimiziň uçary
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary gül desseleri bilen mähirli
garşyladylar.
Bu ýere
ýygnananlar hormatly Prezidentimizi ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň
üstünlikli tamamlanmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden
eden taryhy çykyşynyň giň goldawa eýe bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, soňky ýyllarda ýurdumyz
ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanýar. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän
islendik ýurdy hem-de abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň
ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli
sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ählumumy
parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan halkara
gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň,
howpsuzlygyň üpjün edilmegine we tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen
başlangyçlary dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň
halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe
süren başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Döwlet
Baştutanymyzyň bu gezekki saparynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy halkymyzy
täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli beýik işleriň rowaçlyklara
beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.