Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş
saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň
ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine
ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen
strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy.
Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
awtoulag kerweni BMG-niň ştab-kwartirasyna tarap ugrady.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň
wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň
gatnaşyp, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara
derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy,
ykdysady we hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine
özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. BMG-niň
ýöriteleşdirilen edaralary we ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola
goýulmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň
aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada
aýdyp, muňa Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde yzygiderli
işiň dowamy hökmünde garalýandygyny bellemek gerek.
BMG-niň ştab-kwartirasyna gelende, döwlet Baştutanymyzy
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň
Başlygy Dennis Frensis mähirli garşyladylar.
Bu ýerde ECOSOC zalynda BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan
resmi kabul edişlik boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Şu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam
bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň
ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy
goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň
giň toplumyny öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň
belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler
boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy
abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny
beýan etdi.
Çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýygnananlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň
başlanmagy bilen gutlady we netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz
ilçi Dennis Frensisi Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen
gutlady hem-de oňa şu jogapkärli döwürde alyp barjak işinde goldaw we ýardam
beriji sözlerini beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary
jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem
birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna,
ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň
her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm
goşandyny goşmalydyr. Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän
düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň
aýratynlyklary bilen, olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände
täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş
meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan
ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, BMG-niň esasy işi hökmünde
ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Şundan ugur
alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we
bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk
we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik,
tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda
seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji
derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete
goýup bolmaz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Men BMG-niň
baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün
etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini,
ygtyýarlylygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli
diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn
bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar
pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler
diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Nygtalyşy ýaly, muny bolsa diňe
bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar.
Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek
boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy
üýtgewsiz we äşgär bolup galýar.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu meseledäki düýpli garaýyşlary
barada aýdyp, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy
ýaly, BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de
hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň
durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny
gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli
garaýşydyr.
Şoňa
görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly,
ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy,
gapma-garşylykly dartgynlylygy ýeňip geçmek, ylalaşyk, bähbitleri özara hasaba
almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin bütindünýä guramasynyň
mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly
peýdalanmalydyrys. Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda
aç-açan, dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary
gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary beýan edildi. Hususan-da,
dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen,
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň
umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp
taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi.
Biziň pikirimizçe, şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky
döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir. Şeýle hem
biz strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da,
gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş
diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan
düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy; BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de
2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip
yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini
girizmegi zerur hasap edýäris. Wagt häzirki pursatda bu Kararnamalaryň
zerurdygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ählumumy we
hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň işine
sebit meselesi beýan edilen garaýyşlary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar.
Şeýle çemeleşme bilelikdäki işe gerek bolan takyklygy girizmek, onuň wezipesini
hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur diýip hasaplaýarys. Hormatly
Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we
ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam bildirip,
Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýandygyny nygtady.
Şunuň bilen
baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk
zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan
edildi. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini,
halkara guramalary, maliýe we ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti
durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny
utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda
geçirmäge taýýardygy beýan edildi.
Türkmenistan
BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa
meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy
borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belleýäris diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça
Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalar
kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok
etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar.
Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki
zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda
ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.
Şol bir
wagtda, biz dünýä bileleşiginiň Ählumumy metan borçnamasyny amala aşyrmak
boýunça tagallalaryny goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow nygtady. Şunda türkmen tarapynyň bu işde BMG-niň
ýöriteleşdirilen düzümleri, agza ýurtlar, beýleki gyzyklanýan hyzmatdaşlar
tarapyndan anyk kooperasiýa we salgyly ýardama bil baglaýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Ählumumy metan
borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu resminama
ýakyn wagtda guramanyň Sekretariatyna iberiler.
Umuman,
BMG-de Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek
üçin wagt ýetdi diýip hasaplaýaryn. Bu meselelere seredilende, belli bir
hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly
tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol bir wagtda düýpli
ekologik töwekgelçilikleriň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit
babatda BMG-niň maksatly ekologik strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir
salgyly we anyk çärelere başlamaly diýip pikir edýärin diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Merkezi
Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan
möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi
bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip
bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri
alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň
paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň
taýýardygy beýan edildi.
Merkezi
Aziýa Hazar deňzine galtaşýan sebitdir. Özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň
Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygy hemmelere
mälimdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Kenarýaka ýurtlar tarapyndan köpýyllyk tutanýerlilik we hormat goýmak arkaly
alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy
düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama — Hazar deňziniň
hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistanda geçen ýylyň
tomsunda geçirilen altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologik mesele
boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu bolsa
kenarýaka döwletleriň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge
başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar diýip hasap edýärin diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen
baglylykda, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip girizildi. Ol
Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen
ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça
jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga
niýetlenendir. Biz bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri,
edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr
diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
BMG-niň
jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutýan ugurlaryny
belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa
geçirýär. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň goşandy netijeli bolar we umumydünýä
maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer.
Ileri
tutulýan şol meseleleriň arasynda ulag babatda Durnukly ösüş maksatlaryny amala
aşyrmagy aýratyn belleýäris.
Mälim bolşy
ýaly, Türkmenistan şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara
platformany döretmegiň başyny başlaýjy boldy. Aşgabatda 2016-njy ýylda
üstünlikli geçirilen durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy
maslahatyny, şeýle hem geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda
Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag
ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçeliň diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Biz
Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda
ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty
Kararnamany kabul edendigine buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä
durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu resminamany
biragyzdan goldandyklary üçin ähli agza döwletlere minnetdarlyk bildirdi. Şunuň
bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu
mejlisiniň çäklerinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary
derejeli maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu
çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Azyk
meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş
maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. СOVID-19 pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir
hatarda, hut azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini, ilaty doly bahaly iýmit
almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy. Şoňa görä-de, döwletleriň we
sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende,
agzybirlik, tutanýerlilik, aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz
hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde
doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow belledi.
Bu işde
syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly
çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen
Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä
Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk
howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär
diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu çäräni ylalaşylan möhletlerde türkmen
paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda,
şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly,
akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden
belleniler. Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem,
tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik
ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Men öz çykyşymy Magtymgulynyň
«Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda
şahyr döwürdeşlerine we geljek nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen
ýüzlenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: “Goý,
döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna
wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat
etsin!” diýip arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip
diňlenildi hem-de el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Döwlet
Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.