2023-nji ýylyň 17 — 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa
Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa –
Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna
gatnaşmakdan ybarat.
2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda
Inçon halkara howa menzilinde D.Gulmanowa “Koreýa-Türkmenistan” parlamentara
dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar parlamentara
gatnaşyklaryny ösdürmegiň we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin
Phýo bilen dar düzümde duşuşygy geçirildi. D.Gulmanowa Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar
iki ýurduň arasyndaky parlamentara gepleşikleriň ösüşindäki oňyn netijeleri
bellediler.
Soňra Mejlisiň Başlygynyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
G.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen birinji türkmen-koreý
parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
häzirki gün tertibi barada jikme-jik pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar bu
çäräniň parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin netijeli esas
bolup hyzmat etjekdigini bellediler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň
parlamentlerinde işleýän türkmen-koreý dostluk toparlarynyň möhüm orny
nygtaldy.
Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmekde we berkitmekde parlamentara gepleşikleriň aýratyn orny bellendi. Bu
nukdaýnazardan söwda we ykdysadyýet pydagy, nebit-gaz, nebithimiýa we ulag,
medeni we ynsanperwer ulgamlary, şol sanda, lukmançylyk, bilim, esasan hem,
Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde
kesgitlenildi.
Koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde senagat
taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns
berildi.
Mundan başga-da, taraplar 19-njy sentýabrda geçiriljek
Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji
mejlisiniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol günüň özünde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan
bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada
pikir alyşdylar.
Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem
ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Koreýanyň
Premýer-ministri öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we
nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma
bildirýändiklerini nygtady.
Şol bir wagtyň özünde, ýurtlarymyzyň arasynda döredilen
işjeň parlamentara hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan
ugurlaryndan biridigi nygtaldy.
Çeşme: Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi