Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji
mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa
Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa
Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga
uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze
ugurlaryny öz içine alýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi
bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa”
Dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.
Ýewropa Bileleşigi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady we
durmuş taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen,
şol sanda kanunçylyk, bilim, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw
hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda
ýöriteleşdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesini durmuşa geçirmekde
Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup gelýär.
Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň esasy
kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda – nebitgaz
toplumynda, ulag, elektrik energetikasy, gurluşyk, aragatnaşyk we
kommunikasiýalar ulgamlarynda işleýärler.
Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we bar
bolan köpugurly mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.