Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Bütindünýä Söwda
Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň
ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň
geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige
kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti
ösdürmek we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady
gatnaşyklary giňeltmek hem-de ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek
boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda
ýörite Hökümet topary hereket edýär. Onuň üstüne ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy
bilen bagly meseleleri öwrenmek, şeýle hem degişli teklipleri taýýarlamak
wezipeleri ýüklenildi. Geçirilen işleriň netijesinde 2020-nji ýylyň iýulynda
Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Bütindünýä Söwda
Guramasyna goşulýan ýurduň derejesi («Işjeň synçy») berildi.