17-nji
sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna
laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şundan ugur alyp,
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip
taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň
ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini,
şäheriň ekologik ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanýan
usullaryň ulanylyşyny synlady.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan we
yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäherde önümçilik toplumlarynyň
gurluşygyna badalga berildi we bu işler batly depginlerde dowam etdirilýär. Bu
ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň netijeliligi we
köptaraply häsiýeti Arkadag şäheriniň sazlaşykly ösüşinde öz beýanyny tapýar.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy täze, häzirki zaman şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa
geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyz täze şäheriň çäginde
gurulýan metjidiň bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän bezeg
serişdeleriniň görnüşlerini synlady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow alnyp barylýan gurluşyk
işleri, metjidiň we onuň ýanynda bina ediljek muzeýiň içki we daşky bezeginde
ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Bu
ýerde gurluşygyň bezeg işlerinde ulanyljak dürli görnüşli örtük daşlarynyň
aýratynlyklary, olarda yşyk we Gün şöhlesi düşende emele gelýän öwüşginler
hem-de muzeýde goýuljak gymmatlyklaryň görnüşleri barada maglumat berildi.
Munuň özi degişli binalaryň bezeg işlerinde häzirki zaman serişdeleriniň
ulanylýandygyny görkezýär.
Şeýle hem ol binalaryň otaglarynda goýulýan bezeg
gülleri, olaryň görnüşleri, güllere ideg etmegiň täzeçil usullary barada aýtdy.
Soňra D.Orazow şäheriň çäginde ekilýän baglara ideg etmekde Täjigistan
Respublikasyna guralan sapar mahalynda özleşdirilen tejribäni ulanmak, bag
nahallarynyň köküni epgekli ýellerden goramagyň we onda çyglylygy saklamagyň
täzeçil usullary barada giňişleýin maglumat berdi.
Hajy Arkadagymyz görkezilen bezeg serişdelerini synlap,
gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen
möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň, hemişe bolşy ýaly, möhüm talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň täze metjidiniň hem-de
muzeýiň bezeg işlerine milli ýörelgeler esasynda çemeleşilmelidir. Bu işler
halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlaryna we ruhy ýörelgelerine kybap
gelmelidir. Munuň özi taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän
üýtgewsiz talapdyr diýip, hajy Arkadagymyz belledi we bu ýörelgäni netijeli
dowam etdirmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz bag nahallaryna ideg etmegiň täzeçil
usullarynyň özleşdirilmeginiň daşary ýurtlara sapara gidýän wekiliýet agzalary
üçin netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu işleri
mundan beýläk-de milli ýörelgeler we ylmy esasda ösdürmelidigini belledi.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde döwrebap binagärlik çözgüdiň aýdyň
netijesi bolan täze şäheriň kemala gelmegi ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine
tarap ynamly gadam urýandygynyň, durmuşymyzyň her bir pursadynyň uly rowaçlyklara
beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň
we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda täzeçil
tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygy, şunda okuwlaryny önümçilik
bilen utgaşykly alyp barýan talyp ýaşlaryň eden işleri, olaryň daşary ýurtlarda
saparda bolup, zerur tejribeleri toplandygy barada hasabat berildi. Munuň özi
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli
dowam etdirýän ýaşlar baradaky syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky
beýanydyr.
Hormatly Arkadagymyz gurluşyk işlerinde merkeziň
ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, şunda degişli
talaplaryň berk berjaý edilmelidigini, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylmalydygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky
gürrüňi dowam edip, merkezde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur
alynmalydygyna ünsi çekdi. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bina edilýän desgalaryň
gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary
ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine
ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgelerden ugur alynmagy esasy talap bolup
durýar.
Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan işleriň taryhy
ähmiýete eýedigini belläp, bu ýerde häzirki zamanyň ekologik talaplarynyň berk
berjaý edilmelidigini aýtdy hem-de ekilen bag nahallaryna ideg etmegiň
öňdebaryjy tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagyna jogapkärçilikli
çemeleşmegi tabşyrdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän täze
şäherde amatly howa gurşawynyň saklanmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Soňra bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň garamagyna
merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän
desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary
görkezildi. Şeýle-de ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň merkezi binasynyň
taslamasy we onuň özboluşly aýratynlygy barada hasabat berildi.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalary synlap, bu
binanyň gurluşygynda we bezeg işlerinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten derejesiniň öz
beýanyny tapmalydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze toplumyň
binagärlik çözgüdini oňlap, gurluşyk işleriniň ýokary derejede amala
aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Üç gatdan ybarat boljak binada bu ugra degişli halkara
we sebitara derejedäki maslahatlary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary
geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Binada daşary ýurtlardan
gelýän myhmanlaryň we ýerli hünärmenleriň netijeli işläp bilmekleri, çaý
başynda gysga wagtlyk söhbetdeşlikleri gurap bilmekleri, oňaýly dynç almaklary
bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman
Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadag şäheriniň çäklerinde meýilleşdirilen we alnyp
barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary bellenilen
möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp,
Gahryman Arkadagymyz şähergurluşyk maksatnamasy ýerine ýetirilende, häzirki
zamanyň ösen tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanmagyň wajypdygyny,
şunda milli binagärlik ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyny aýtdy. Milli
Liderimiz desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň
netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekip, gurluşyk işlerinde bu künjegiň tebigy
aýratynlyklarynyň we ekologik ýagdaýynyň nazara alynmalydygyny belledi. Şunda
degişli talaplaryň berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy
bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna
Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň taslamasy görkezildi. Munuň özi täze
şäherde ösüp gelýän ýaş nesilleriň boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly
geçirmekleri, umuman, çagalaryň sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde
yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalary, çagalar
seýilgähinde ýerleşdiriljek şekilleriň we heýkeljikleriň görnüşlerini synlap,
olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyny, çagalarda ýakymly
duýgulary oýarmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, seýilgähiň çäginde
ýerleşdiriljek güýmenje toplumlarynyň sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy,
hereket edýän elektron oýnawaçlaryň bolmagy çagalarda ýakymly täsirleri
galdyrar we toplumyň özüne çekijiligini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda,
häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alynmagy, çagalaryň söýgüli
ertekileriniň gahrymanlaryna möhüm orun berilmegi esasy talap bolmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz çagalar seýilgähiniň merkezi
girelgesiniň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, onuň çagalaryň türkmen halkynyň
ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilinde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny
belledi. Hususan-da, merkezi girelge çagalar üçin söýgüli gahrymana öwrülen
Böwenjigiň şekilinde bolsa, onuň ýylgyryp duran keşbi ýaş nesillerde şatlyk
duýgusyny döreder.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda
Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň, gurulýan durmuş maksatly desgalaryň
baş maksadynyň halkymyz, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin amatly dynç
alyş şertlerini döretmekden ybaratdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu
işleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet
syýasatynyň esasy ugurlaryna kybap gelmelidigini aýtdy. Munuň özi bagtyýar
çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen Türkmenistanda amala
aşyrylýan döwlet syýasatynyň adam hakdaky aladany esasy ugur edinýändiginiň
nobatdaky beýanydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri degişli derejede ýerine
ýetirmekde hemmelere uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.