Şenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň
32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan mundan
beýläk-de ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak,
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň
taslamalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Parlamentara gatnaşyklary
giňeltmegiň çäklerinde Täze Zelandiýanyň hem-de Wýetnam Sosialistik
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden
ynanç hatlary kabul edildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň wekilleri bilen
geçirilen duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy,
ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan raýatlarymyzy
döwlet sylaglaryna hödürlemek hem-de resminamalary taýýarlamak boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, degişli ministrlikler, pudaklaýyn
dolandyryş edaralary, häkimlikler we iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen
bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Halk Maslahatynyň
mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berildi.
Şeýle hem
Mejlisiň deputatlarynyň döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýurdumyzda
amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, döwletiň hukuk esaslaryny
pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň, kabul edilýän möhüm çözgütleriň
many-mazmunyny, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň jemgyýetçilik-syýasy
ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde yzygiderli çykyş edýändikleri barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek
boýunça milli parlamentiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň
32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Senagat-innowasiýa modeli — ýurdumyzyň esasy
strategik ugry» atly ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat
berdi.
21-nji
sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forumy Maliýe we ykdysadyýet
ministrligi gurar. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, bank ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Maslahatyň esasy meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda amala aşyrylýan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly
ösüşine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, maliýe-salgyt, pul-karz syýasaty,
zähmet gatnaşyklary, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala
aşyrylýan çäreler, durnukly ösüşi üpjün etmekde innowasiýalaryň ähmiýeti hem-de
beýleki ugurlar bilen baglanyşykly bolar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan ykdysady
strategiýanyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, senagat
taýdan ösüşe, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga we halkymyzyň
abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özgertmeleriň anyk netijeleri berip, milli
ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli
çözmäge, şol sanda ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman
ulgamyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik berýändigini belläp, Garaşsyzlyk baýramy
mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini
üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda,
hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda amala aşyrylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň içerki sarp edijileri tarapyndan tebigy gazyň rejeli
peýdalanylmagyny gazanmak, konserniň kärhanalaryny mundan beýläk-de
döwrebaplaşdyrmak, olara dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak
boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler amala
aşyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini
netijeli we rejeli ulanmagyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm
ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, senagat pudagynyň okgunly ösüşini gazanmak
hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin amatly
şertleri döretmekde gaz pudagynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň
welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär, möwsümi bellenen
möhletlerde geçirmek ugrunda degişli guramaçylyk işleri amala aşyrylýar. Mundan
başga-da, kärendeçileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, ekişde
ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý ekijileri netijeli ulanmak boýunça
zerur işler alnyp barylýar. Bugdaý ekişi geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy
tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymyny gysga möhletde tamamlamak
boýunça guramaçylyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Ýetişdirilen hasyly pagta ýygýan
kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek
işleri dowam edýär. «Ak altyny» bökdençsiz kabul etmek we oba hojalyk
tehnikalaryny netijeli peýdalanmak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary
geçirmek ugrunda zerur çäreler görülýär.
Halkymyzy
gök we bakja önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň
welaýatlarynda güýzlük ýeralma, gök we beýleki azyklyk ekinler ekilen
meýdanlarda ideg işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly,
suw serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, ekerançylyk ýerlerini suw
bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerinde suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenilen agrotehniki
möhletlerde tamamlamak, pagta ýygymy möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça
alnyp barylýan işleri, kärendeçi pagtaçylar bilen tabşyrylan hasyl üçin
hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy.
Mundan
başga-da, hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma we beýleki oba hojalyk
ekinleri ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we bu babatda
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow himiýa senagatyny ösdürmek we
öndürilýän önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistany senagat
taýdan ösen döwlete öwürmäge hem-de senagat ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalary
ornaşdyrmak arkaly täze himiýa kärhanalary gurulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatyny hemmetaraplaýyn
ösdürmek, himiýa önümleriniň öndürilýän möçberini we görnüşlerini artdyrmak
boýunça görülýän çäreleriň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere baý ýerli serişdeleriň esasynda uly islegden peýdalanýan önümleri
öndürmäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek bilen baglanyşykly
meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni
mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Sergide
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň
ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça gazanylan üstünlikler öz
beýanyny tapar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan
ösüşlere, ýetilen sepgitlere bagyşlanan dürli çäreler meýilleşdirilýär. Mundan
başga-da, täze önümleriň, maýa goýum taslamalarynyň, ykdysadyýetiň dürli
pudaklaryny ösdürmegiň geljegi uly maksatnamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny
geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň
ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, pudaklarda giň
gerimli işleriň geçirilendigini we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.
Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan,
okgunly ösýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady.
Sergi
ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, içerki we
daşarky bazarlarda önümleri hem-de hyzmatlary ilerletmäge ýardam edýän
toplumlaýyn çärä öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
wise-premýere bu giň gerimli gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesini
üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa
döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly kinofestiwaly
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan
döredijilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda kinematografiýa işiniň
kämilleşdirilmegi, täze filmleriň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi, bu
ugurda dürli çäreleriň guralmagy, Türkmenistanyň wekilleriniň halkara
kinofestiwallara gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Şu ýylyň
14-15-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän kinofestiwalyň esasy maksady
ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, türkmen kino sungatyny ösdürmekden, ösüp gelýän
ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, dünýä jemgyýetçiligini sanly
ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag
şäheri bilen tanyşdyrmakdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli
gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle forumlaryň
geçirilmeginiň olara gatnaşýanlara öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge
mümkinçilik berýändigini, ýaşlary sungat bilen meşgullanmaga
höweslendirýändigini, hünär taýdan ösmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri
döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde
meýilleşdirilýän kinofestiwal Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda
däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat
eder, sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň
baýlaşdyrylmagyna ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen,
kinofestiwala ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Saglygy goraýyş, bilim we
sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini
we ylmy maslahaty hem-de beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmäge görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şeýle hem
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, 8-9-njy
oktýabrda tutuş ýurdumyzda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent
ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini
guramak meýilleşdirilýär. 10 — 12-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda milli
saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gazanylanlara bagyşlanan
halkara sergi we ylmy maslahat guralar. Her ýyl geçirilýän sergä derman we
saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk hem-de sport enjamlaryny,
bilim tehnologiýalaryny öndürýän daşary ýurt kompaniýalary çagyrylar. Utgaşykly
görnüşde geçiriljek ylmy maslahata türkmen alymlary we lukmanlary, olaryň
daşary ýurtly kärdeşleri gatnaşarlar.
Şeýle hem
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça
geçirilen «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly
halkara bäsleşigiň jemlerini jemlemek göz öňünde tutulýar. Sanly ulgam arkaly
iki tapgyrda geçirilen halkara bäsleşige ýurdumyzdan we dünýäniň birnäçe
ýurtlaryndan ýaş alymlaryň dürli ugurlara degişli ylmy-barlag işleri hem-de
taslamalary gelip gowuşdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara sergileri we
maslahatlary yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny belledi. Bu çäreler dünýä
jemgyýetçiligini möhüm durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada
tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, özara gyzyklanma bildirilýän halkara
hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we tejribe alyşmaga hem ýardam edýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň
wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasyna gatnaşmagy üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik,
netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň daşary
syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Mälim bolşy
ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 — 26-njy
sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Häzirki
wagtda hormatly Prezidentimiziň 17 — 20-nji sentýabr aralygynda Nýu-Ýork
şäherine amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görülýär.
Saparyň
çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary
bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji
duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet
Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş
sekretary bilen duşuşyk geçirer.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler
Guramasy bilen gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini belläp, ýurdumyzyň
geljekde-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ählumumy
durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmek maksady bilen, BMG-niň çäklerinde oňyn
halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňagramly
hem-de özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamaga yzygiderli
gatnaşmak bilen, anyk başlangyçlary öňe sürýär, BMG-niň ýöriteleşdirilen
edaralary bilen hyzmatdaşlygy barha berkidýär diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler
Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna geljegi nazarlaýan
garaýyşlarymyzy, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän Türkmenistanyň
ileri tutýan ugurlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça yzygiderli
işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň
Hökümet wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak
üçin Nýu-Ýork şäherine iş saparyna taýýarlygynyň ýokary guramaçylyk derejesini
üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Şol sessiýada Türkmenistanyň netijeli
halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek täze, oňyn
başlangyçlary beýan ediler.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň
meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Mary welaýatynyň
Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan
welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap
binalary gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
demir ýol ulgamyny ösdürmegiň häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, täze desgalaryň
gurluşygynda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtap, agentligiň
ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam
arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.