Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 7-nji
martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Arkadag şäheriniň
binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
häkimligine Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony
ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen
şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we
çagalar seýilgähini 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip
tabşyrmak bellenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi