13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabatda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasy açyldy. Bu binanyň açylyş dabarasy döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ol ýurduň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

“Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan bankyň täze binasy Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr. Edaralaryň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär. Köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary-da hemme zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada gymmatlyklary ygtybarly saklamak düzgünlerini we şol birwagtda müşderilere hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin hemme şertler göz öňünde tutuldy. 

Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler. 

Döwlet täjirçilik bankynyň ilkinji döredilen wagtyndan başlap, bu ýerde milli we daşary ýurt pullarynda goýumlary kabul etmek, gymmatly kagyzlar bazarynda amallary, uzakmöhletleýin karz bermek hem-de pul geçirimleri we hasaplaşyklary geçirilýär. 

Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Bank işewürlik taslamalarynda karz bermek goldawyny amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda “Ýigit” ýyladyşhana toplumy hojalyk jemgyýeti, “Mizan” gallany gaýtadan işlemek boýunça zawodlar toplumy hojalyk jemgyýeti, azyk önümlerini öndürmek boýunça köp sanly kärhanalar bar. “Döwletli — Döwran” hojalyk jemgyýeti bankyň karz beren serişdeleriniň hasabyna keramiki bezeg kerpiçleriniň, “Ak çeşme” hojalyk jemgyýeti bolsa haly önümçiligini ýola goýdy. 

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň maýa goýumlary döwlet düzümleri, şol sanda nebitgaz, ulag-aragatnaşyk toplumlary, beýleki pudaklaýyn edaralar tarapyndan hem ulanylýar. 

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky 2009-njy ýyldan başlap, “Deutsche Bank Trust Company Americas”, “Deutsche Bank Frankfurt am Main” iri dünýä banklarynda hasaplaryny açyp, müşderilere daşary ýurt pulunda eksport-import söwda geleşiklerini bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. 

13 ýyl mundan ozal, SWIFT Bütindünýä bankara maliýe telekommunikasiýalar jemgyýetiniň agzasy bolup, bank özüniň müşderilerine daşary ýurt pulundaky tölegleri ibermek mümkinçiligini döretdi. 

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky ilkinjileriň biri bolup, “Ýyldyrym” içerki pul ibermeleriniň ulgamyny hem-de “Western Union” halkara elektron ulgamynyň işini ýola goýdy.

 “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda  sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky öz işini yzygiderli kämilleşdirýär. 

 “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bank amallarynyň köpüsini düýpli kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi. Mysal üçin, bank hyzmatlarynyň doly toplumyny öz içine alýan internet-bank ulgamynyň girizilmegi müşderilere öz serişdelerini uzak aralykdan dolandyrmaga, dürli töleg amallaryny we beýlekileri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, özüňiziň bank hasaplaryňyzdan maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi bardyr. Şonuň ýaly-da, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi “Altyn asyr” bank karty arkaly amala aşyrmak mümkindir. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bank ulgamynyň yzygiderli ösdürilmeginiň Türkmenistanyň ykdysadyýetini täze sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berjekdigini, “Türkmenistanda 2011 — 2030-njy ýyllarda bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň bazar gurallarynyň berkidilmegini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri göz öňünde tutmak bilen, bank ulgamynyň ygtybarly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.