14-nji
sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali
Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman
Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi
ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy sebitara
hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň
Prezidenti bilen ýokary derejede geçirilen duşuşyklara gatnaşandygyny, olaryň
çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek bilen
baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Türkmenistanda
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan işlere täjik Lideriniň
ýokary baha berýändigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen halkynyň Milli
Lideri goňşy ýurduň Prezidentiniň Aşgabady “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýip atlandyrýandygyny,
özüniň bolsa Täjigistany Merkezi Aziýada gülläp ösýän künjek hökmünde
görýändigini aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz diplomaty
jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa ikitaraplaýyn dost-doganlyk
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili
Täjigistanda geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe
boljakdygyna ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Dostlukly häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gatnaşyklary
ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar, möhüm ugurlaryň ählisi boýunça,
ilkinji nobatda, ykdysady ulgamda netijeli dialogyň okgunly ösüş depgini munuň
subutnamasydyr. Biziň ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaşlar bolmak
bilen, häzirki döwürde netijeli we özara bähbitli gatnaşyklaryň toplumlaýyn
tejribesini has-da baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýärler.
Ony giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen berkidýärler. Şu
ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala
aşyran döwlet sapary däp bolan hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berdi,
döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.
Häzirki wagtda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň ýokary derejesine çykyldy, parlamentara gatnaşyklar
işjeňleşdirilýär, Hökümet hem-de pudaklaýyn edaralar derejesinde hyzmatdaşlygyň
baý we üstünlikli tejribesi toplandy. Medeni-ynsanperwer dialogyň ösdürilmegine
aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda ýakyn medeni we ylmy alyşmalar ýola
goýuldy, türkmen, täjik wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlar we
forumlar geçirilýär. Özara Medeniýet günleri hem-de amaly-haşam sungatynyň
sergileri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Iki ýurduň sebit we ählumumy
gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistan
bilen Täjigistanyň iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyna
ýardam berýär.
...Birnäçe wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli
Lideriniň uçary Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline
gondy. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň
Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Howa
menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Täjigistan Respublikasynyň
Premýer-ministri Kohir Rasulzada we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Asylly
däbe görä, milli lybasdaky çagalar Gahryman Arkadagymyzy täjik we türkmen
dillerinde “Hoş geldiňiz!” diýen sözler bilen garşyladylar we gül dessesini
gowşurdylar.
Duşenbe
şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan
Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gysga wagtlyk
söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda
parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga
gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa taryhy
taýdan ýygjam gatnaşyklar ýola goýlan ýurtlaryň arasyndaky parahatçylyk
söýüjilikli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýar.
Dostlukly
ýurduň Premýer-ministri Gahryman Arkadagymyzy Täjigistanda görýändigine örän
şatdygyny ýene-de bir gezek nygtap, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygynda sebitiň ýurtlary üçin bähbitli çözgütleriň kabul
ediljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirip, Duşenbe şäheriniň
Halkara howa menzilinden sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap
ugrady.
...Günüň
ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne
geldi. Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda Täjigistan Respublikasynyň Oli
Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň başlygy Rustam Emomali
belent mertebeli myhmany mähirli garşylady.
Köşgüň
eýwanynda Gahryman Arkadagymyzy Prezident Emomali Rahmon doganlarça mähirli
garşylady. Birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen halkynyň Milli
Lideri hem-de Täjigistanyň döwlet Baştutany konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy
ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti we döwlet
Baştutanlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldiler.
Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlara, wekiliýet agzalaryna,
bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu günki sammite gatnaşyjylaryň hemmesine
hoşallyk bildirdi we onuň ýokary netijelere beslenendigine ynanýandygyny aýtdy.
Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy tamamlandy, onuň
dowamynda geçirilen gepleşikleriň jemleri taryhy taýdan emele gelen hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasynda sebit hyzmatdaşlygynyň okgunly
ösdürilýändigini ýene bir gezek tassyklady. Biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýa
sebitinde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge
gönükdirilen giň möçberli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine sebitiň
ýurtlarynyň taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi. Şular barada aýtmak bilen,
Prezident Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna sammite
işjeň gatnaşandyklary, şeýle hem Duşenbede geçirilýän duşuşyga hormatly myhman
hökmünde gatnaşýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine we türkmen halkynyň
Milli Liderine, Halk Maslahatynyň Başlygyna Duşenbedäki duşuşyklaryň üstünlikli
geçirilmegine goşant goşandyklary üçin hoşallyk bildirdi.
Täjigistanyň
döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň
bilelikdäki çözgüdi bilen, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy,
hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde
parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de
medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki
bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly
hyzmatlary bitiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanýandygyny habar bermegiň özi üçin
uly mertebedigini aýtdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bu çözgüdiň
ýerine düşendigini aýdyp, döwlet Baştutany wezipesinde köpýyllyk netijeli işi bilen
hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistanda
hem, onuň çäklerinden daşarda hem ählumumy hormata, belent abraýa mynasyp
bolandygyny nygtady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň
berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny we köp ýyllaryň dowamynda doganlyk
Türkmenistanyň özygtyýarly, garaşsyz ösüşini üpjün edendigini bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, yzygiderli tagallasy netijesinde,
Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy belende galýar. Türkmenistanyň
durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we türkmen halkynyň abadançylygynyň
berkidilmegine Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly
goşandynyň bardygyny hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine açyklyk,
hoşniýetlilik ýörelgeleriniň mahsusdygyny belläp, Prezident Emomali Rahmon
häzirki döwürde gülläp ösýän Aşgabadyň türkmen halkynyň ähli ugurlar boýunça
uly üstünlikleri gazanýandygynyň, ýurduň ýeten derejesiniň nyşany bolup
durýandygyna ünsi çekdi.
Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzy Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň gowşurylmagy bilen döwlet Baştutanlarynyň,
täjik halkynyň adyndan we hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan
saglyk, bagt, abadançylyk, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna
bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Prezident
Emomali Rahmon dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda bu ýokary sylagy gowşurdy.
Gahryman
Arkadagymyz dostlukly ýurtlaryň Baştutanlaryna ýüzlenip, olaryň ählisini
doganlyk Täjigistanda mübärekläp, Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara
çäreleriň çäklerinde özüne bu ýokary sylagyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi.
Mälim bolşy
ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal bu duşuşygyň binýady ilkibaşda Aşgabatda goýuldy.
Biz ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly umumy ýörelgelerimizden ugur alyp,
bu teklibi ilkinji gezek Daşkentde beýan etdik. Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy hem Gazagystanda geçdi. Soňra bu
duşuşygy biz Özbegistanda geçirdik. Duşuşyklaryň gün tertibi barha giňedi, biz
olara köp meseleleri girizdik diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Üçünji
duşuşygymyz bolsa Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçdi
we onuň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin netijeli teklipler beýan
edildi. Soňra biz dördünji duşuşygy Gyrgyzystanyň başlyklyk etmeginde
Çolpon-Ata şäherinde geçirdik we bu gün bäşinji ýubileý duşuşyk doganlyk
Täjigistanda geçýär.
Hormatly
Arkadagymyz sözüni dowam edip, häzirki döwürde ýönekeý bolmadyk dünýäde
ýaşaýandygymyzy, syýasat, ykdysadyýet babatda köp meseleleriň bardygyny, ýöne
esasy zadyň — biziň umumy ynsanperwer bähbitlerimiziň göz öňünde bolmalydygyny
aýtdy. Biziň ýurtlarymyzyň rowaçlygy ykdysadyýete baglydyr, sebitimiz energiýa
we nebitgaz serişdelerine, beýleki tebigy serişdelere örän baýdyr, şoňa
görä-de, her gezek duşuşygymyzda, döwletlerimize we halklarymyza rowaçlyk,
abadançylyk getirjek umumy çözgütleri ara alyp maslahatlaşýarys diýip, Milli
Liderimiz nygtady.
Ýurtlarymyzyň
baý tebigy serişdeleri, senagat we tehnologiýa kuwwaty bardyr. Bu bolsa
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini hem-de pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Olaryň birleşdirilmegi, ýokary düşewüntli önümçilikleriň döredilmegi, senagat
taýdan kooperirleşmek möhüm mesele bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän
Merkezi Aziýanyň dünýä medeniýetiniň çatrygydygyny belledi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we sebit
hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan “Açyk gapylar”
syýasaty barada aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalara ünsi çekdi. Munuň özi
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara giňişlikde uly abraýa eýedigine hem-de uly
gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
Içerki we
daşarky häsiýetli islendik syýasy we ykdysady meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynda ynsanperwer taglymlar ileri tutulýan ugur
bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Pederlerimiz
halklarymyzyň bähbidine bize dogry ýoly salgy berdiler. Elbetde, biziň
halklarymyzyň beýik akyldar ogullary sanardan köpdür. Şu ýerde Abaý
Kunanbaýewi, Çingiz Aýtmatowy, Alyşir Nowaýyny, Nyzamy Genjewini, Abu Abdulla
Rudakyny hem-de biziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny belläp geçesim
gelýär, diýip Milli Liderimiz çykyşynda belledi.
Gahryman
Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, ähli ýygnananlary hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz
Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän
dabaralara çagyrdy we bu dabaralaryň ýokary halkara derejede geçiriljekdigine
ynam bildirdi.
Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň şu şahyrana setirlerini
getirdi we olaryň terjimesiz hem düşnüklidigini aýtdy:
Bir suprada
taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Milli
Liderimiz biziň hemmämiziň doganlar hökmünde bir saçagyň başyna
ýygnanyşmagymyzyň halklarymyzyň agzybirliginiň alamatydygyny belläp, beýik
akyldarlarymyzyň pähimleri barada gürrüň berdi. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň
Baştutanlaryna ýüzlenip, gazak doganlarymyzyň “Halkyň güýji agzybirlikdedir”,
gyrgyz doganlarymyzyň “Bagtyň binýady agzybirlikdir”, özbek doganlarymyzyň
“Bedeni — lybas, ruhy dostluk bezeýär”, azerbaýjan doganlarymyzyň “Guşa —
ganat, halka — agzybirlik”, täjik doganlarymyzyň bolsa “Ýüz dostuň bolsa-da
azdyr” diýýändigini nygtady.
Biziň
pederlerimiz, şygryýete sarpa goýan akyldar ata-babalarymyz hemişe agzybirlige
çagyrypdyrlar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we häzirki günde biziň
syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer meselelerde doganlarça pederlerimiziň
ýoluny dowam etdirýändigimizi aýtdy.
Milli
Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany Emomali Rahmona ýüzlenip, ýakynda täjik
halkynyň Garaşsyzlyk gününi baýram edendigini belledi we her gezek Täjigistana,
hususan-da, paýtagty Duşenbe şäherine gelnende, onuň gün-günden
gözelleşýändigini aýtdy.
Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy we milli jebisligi esaslandyryjy,
täjik halkynyň Milli Lideri Emomali Rahmonyň parahatçylygy pugtalandyrmaga
goşan uly goşandyny aýratyn belledi. Ol köp ýyllaryň dowamynda döwlet Baştutany
bolmak bilen, uly işleri amala aşyrdy we häzirki günde-de özüniň syýasy-guramaçylyk
tejribesine esaslanyp, sebitde giň gerimli işleri amala aşyrýar, halkynyň
bagtyýar durmuşynyň bähbidine zähmet çekýär. Onuň tagallalary netijesinde,
Täjigistan dünýäniň abraýly ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi.
Dostlukly halklar bolmak bilen, biz Prezident Emomali Rahmon tarapyndan alnyp
barylýan işlere buýsanýarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
nygtady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri berlen ýokary sylag üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk
bildirip, munuň özi üçin ýokary jogapkärçiligi alamatlandyrýandygyny nygtady we
ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň
pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine
ynandyrdy.
Gahryman
Arkadagymyz sözüniň ahyrynda konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň
Baştutanlaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan döwlet
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Agşam resmi
agşamlyk nahary berildi. Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow
Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza tarap
ugur aldy.
Aşgabadyň
Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar
garşyladylar.
Bu ýerde
Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Milli Liderimizi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat
nyşany bilen sylaglanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Duşenbede geçirilen giň gerimli sammitiň goňşy ýurtlaryň
arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de sebitiň
halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigi
bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin
minnetdarlyk bildirip, duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilendigini, olaryň sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine giň ýol açandygyny belläp, özara ynanyşmagyň durnukly ösüşiň
esasy şerti bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Duşenbede
geçirilen duşuşyklaryň sebitiň ýurtlarynyň arasynda dialogyň ösdürilmegine
hem-de parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi
berjekdigine ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz beýik ýeňişleriň hem-de uly
üstünlikleriň belent ynama esaslanýandygyny aýdyp, Täjigistan Respublikasynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine öz ýurdunyň döwlet
Baştutanyna hem-de Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlygyny ýetirmek haýyşy
bilen ýüzlenip, diplomata jogapkärli işinde öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.