14-nji
sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna
hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş
sapary bilen ugrady.
Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelende,
hormatly Prezidentimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir
Rasulzada we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Premýer-ministr Kohir Rasulzada bilen
bolan duşuşygynyň barşynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesi
kanagatlanma bilen bellenildi. Şol gatnaşyklar okgunly ösdürilip, ýylsaýyn täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz we Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy
ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk
edýändiklerini belläp, Duşenbe şäherinde geçiriljek şu gezekki ýokary
derejedäki duşuşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony hil taýdan täze
derejä çykarmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şol
duşuşyklaryň gün tertibine özara gatnaşyklaryň giň meseleleri giriziler.
Döwlet Baştutanymyz Halkara howa menzilinden Hökümet
kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen
duşuşdy.
Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany
mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistanda
ýene-de kabul edýändigine örän şatdygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu
saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz täjik kärdeşine ýokary derejeli
halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy,
bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler
üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň
halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisiniň netijeleriniň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge
ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Şunda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň
arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak
ýörelgelerine esaslanyp, gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine
daýanýandygy bellenildi. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde, abraýly halkara
guramalaryň çäklerinde, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde öz hereketlerini
üstünlikli utgaşdyrýarlar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we
Emomali Rahmon birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde
üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk
arzuw etdiler.
Soňra
hormatly Prezidentimiz «Kasri Millat» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Şol
ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Emomali Rahmon mähirli garşylady.
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Baştutanlary sammite gatnaşyjy
ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşýärler.
Foruma
gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de hormatly
myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem
geldiler.
Gatnaşyjy
ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan
soňra, giňişleýin görnüşde ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.
Prezident
Emomali Rahmon belent mertebeli myhmanlary we wekiliýetleriň agzalaryny täjik
topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň
syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara
gatnaşyklaryň durnukly ösüşini görkezýändiklerini aýtdy. Ýurtlarymyz
köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde ýakyn ýa-da meňzeş garaýyşlar bilen çykyş
edýärler, halkara we sebit guramalarynda birek-biregi goldaýarlar.
Täjik
Lideri taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň esasynda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi umumy
wajyp wezipeleriň hatarynda görkezip hem-de duşuşygyň gün tertibini yglan edip,
şu günki sammite türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrylandygyny, oňa sebitde
parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge
ägirt uly şahsy goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat
nyşanynyň gowşuryljakdygyny belledi.
Soňra
Täjigistanyň Prezidenti dostlukly döwletleriň Baştutanlaryna söz berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda konsultatiw duşuşyga
gatnaşyjylara ýüzlenip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona
myhmansöýerlik we bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin
minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sammite hormatly myhman
hökmünde gatnaşýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi
mübärekledi.
Türkmenistan
halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň
we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna
örän möhüm ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şu günki
duşuşygyň barşynda syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly ykdysady ösüşi
üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, sebit howpsuzlygynyň
wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde garşy durmak maksady bilen,
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Gürrüňsiz,
biz öz öňümizde anyk maksatlary goýup, olara ýetmegiň esasy şertiniň
sebitimizde özara hormat goýmaga, bähbitleri nazara almaga, halkara hukugyň
ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna
eýermäge esaslanýan pugta we uzak möhletli parahatçylykdan, howpsuzlykdan,
durnuklylykdan ybaratdygyndan ugur alýarys.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, bu babatda
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky Kararnamasynyň
aýratyn ähmiýetini belledi. Bu Kararnama Merkezi Aziýany parahatçylyk,
ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde yglan edýär. Biz bu resminamanyň
kabul edilmegine sebitimizde özara düşünişmek ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmagyň, Merkezi Aziýanyň ykdysady, ekologik, ynsanperwer wezipelerini
çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ony pugta
parahatçylygyň, howpsuzlygyň giňişligine öwürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde
garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biziň
ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 78-nji sessiýasynyň barşynda-da
bu ugurdaky işleri işjeň dowam etdirer. Biz dünýä bileleşiginiň garamagyna
birnäçe başlangyçlary, şol sanda sebitimizi ösdürmek bilen gönüden-göni bagly
başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýarys. Hususan-da, birinjiden,
BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça
dialog maslahatyny döretmek teklip edilýär. Onuň maksady sebitimizde durnukly,
gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde sebitiň ýurtlarynyň tagallalarynyň
ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleridir çözgütleri
işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkmen tarapy şeýle dialogyň ilkinji mejlisini
2024-nji ýylda geçirmäge taýýardyr.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki başlangyçlarynyň hatarynda BMG-niň degişli
edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly
formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamak,
ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri görkezdi.
Türkmenistan bu merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi
hödürlemäge taýýardyr.
Ýurtlarymyzyň
arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň
möçberini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu babatda örän anyklyk we
täsirli çäreler zerur diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa Söwda edarasyny
döretmek meselesine garamagy teklip edýär. Onuň işiniň many-mazmuny we maksady
söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň
geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün
etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary
çekmekden ybaratdyr.
Merkezi
Aziýada döwletleriň bähbitleriniňdir maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we
durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene bir ulgam innowasiýalar hem-de täze
tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Biz bu ulgamda yzagalaklyga ýol berip
bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biziň ýurtlarymyzda innowasion
ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Bu
artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak,
bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak,
innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň
döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda sebitiň döwletleriniň
ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermegiň hem-de sanly ulgamy
ösdürmegiň örän möhüm wezipedigini belledi. Bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek
zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar
boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary
utgaşdyrar. Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar boýunça
birleşen strategiýasyny döretmek babatda esasy merkeziň wezipelerini öz üstüne
alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap
bilerdi.
Energetika
Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup
durýar. Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, halkara
üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly
energetika hyzmatdaşlygy üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek
prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik
energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna, olaryň çäginiň üsti bilen daşarky
bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň
döwletlerimiziň arasynda uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmak
nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda,
bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar diýip, hormatly
Prezidentimiz belledi.
Ulag ulgamy
hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumy tagallalar arkaly Merkezi Aziýa
döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri
bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini nygtady.
Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine
garamak teklip edilýär. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek,
täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň
netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara
ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak,
sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi.
Ýokarda
agzalan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi
berjekdigine, giň sebitiçi we halkara derejede ýakynlaşmak üçin Merkezi Aziýada
şertleri kemala getirmäge oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Medeni-ynsanperwer
meselelerde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan
beýläk-de rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar. Bu gün döredijilik
intelligensiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary,
sergileri we beýleki çäreleri üstünlikli geçirmegiň okgunly ösüşi, oňyn
tejribesi barada kanagatlanma bilen aýtmak bolar. Bu ugurda mundan beýläk-de
öňe gitmek, gatnaşyklaryň täze usullarynydyr görnüşlerini gözlemek gerek. Hut
şu maksatlar bilen, bäşinji sammitiň çäklerinde zenanlar, ýaşlar, medeni we
ylym-bilim forumlary geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de olaryň
netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda
hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrüljekdigine ynam
bildirdi.
Şu gün
gyzyklanma bildirilýän, netijeli we düýpli pikir alyşmalar geçirilýär, peýdaly,
çuň manyly tekliplerdir başlangyçlar öňe sürülýär. Munuň özi biziň
döwletlerimiziň bilelikde guwandyryjy netijeleri gazanmak babatdaky syýasy
erk-islegini, meýillerini, aýgytlylygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu bolsa
biziň halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýär diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir
gezek tassyklap, daşary ýurtly kärdeşlerine we wekiliýetleriň agzalaryna
netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň
barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda konsultatiw
duşuşyklaryň görnüşiniň özüniň netijeliligini tassyklandygy bellenildi. Munuň
özi ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa sebitiň okgunly ösüşiniň
möhüm şerti bolup durýar. Bellenilişi ýaly, sebit hyzmatdaşlygynyň uly
tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen
baýlaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe oňyn teklipler beýan edildi.
Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostlugyň, hoşniýetli
goňşuçylygyň çuňňur taryhy däpleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi
gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.
Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri
boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Onda taraplaryň giň gerimli
hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanylýar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde
Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda
Ylalaşyga, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygynyň
Duşenbe Beýannamasyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň
umumy ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi, şeýle hem Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň işleri boýunça milli
utgaşdyryjy geňeşi hakynda Düzgünnama kabul edildi.
Konsultatiw
duşuşyk tamamlanandan soňra, täjik Lideriniň çakylygy boýunça Duşenbe şäherinde
iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Gahryman
Arkadagymyz bu ýokary sylaga Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy,
hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde
parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlarymyzyň bilelikdäki
bähbitlerinidir başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp
hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Sylaglamak
dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary «Kohi Borbad» döwlet
toplumyna tarap ugradylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat
ussatlarynyň «Dostluk agşamy» atly konserti boldy. Ählumumy parahatçylygyň we
abadançylygyň bähbidine dost-doganlyk, ylalaşyklylyk mowzugy uly aýdym-saz
baýramçylygynyň esasyny düzdi. Konsertiň maksatnamasynda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň wekilleriniň halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy,
özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda
däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.
Sazandalar,
aýdymçylar, tansçylar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda ussatlyklaryny
hem-de zehinini görkezdiler. Konsertiň köpöwüşginliligi sungatyň birleşdiriji,
döredijilikli güýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Çünki hut medeni gatnaşyklar
halklara birek-biregi ýakyndan tanamaga, düşünişmäge, dostluk, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Tomaşaçylar
türkmen artistleriniň ussatlygyna we zehinine mynasyp baha berip, olaryň
çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertde Gahryman Arkadagymyzyň
döreden ajaýyp aýdymlarynyň biri hem ýaňlandy. Bu aýdym ýakymly owazy we çuň
manyly sözleri bilen ýatdan çykmajak täsir galdyryp, hemmeler tarapyndan
ruhubelentlik bilen garşylanyldy. «Küştdepdi» tansy ildeşlerimiziň çykyşynyň
özboluşly bezegine öwrüldi. Türkmenistanda bu tans her bir baýramçylykda
ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda milletiň medeni baýlygy
bolup durýan hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilen bu gadymy aýdym we tans dessury häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda täze
many-mazmuna eýe bolýar.
Konsert
tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Halkara sergi merkezine tarap
ugradylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň sergisi
ýaýbaňlandyryldy.
Giň gerimli
sergi esasy pudaklaryň ykdysady ösüşini we kuwwatyny, işewür toparlaryň
netijeli işini, sebitdäki giň gerimli özgertmeleri aýdyňlyk bilen görkezýär.
Şunuň bilen birlikde, sergi döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny
kesgitlemek we geljegi nazara almak arkaly, onuň netijeli gurallaryny döretmek,
dürli ulgamlarda özara tejribe alyşmak, işewürleriň duşuşyklarynydyr
gepleşiklerini geçirmek üçin açyk meýdança öwrülmelidir.
Türkmenistanyň
hödürlän sergisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda, şol sanda
hususy ulgamda gazanylan üstünlikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli
gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar
bolan mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşmaga şert döredýär. Bularyň ählisi
sergide ornaşdyrylan monitorlaryň ekranlarynda görkezilýän wideoşekillerde
aýdyň beýanyny tapýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa
geçirilýän ykdysady strategiýa, amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler
ýurdumyzyň innowasion ösüşine, senagatlaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümi düýpli
döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şunda hususy ulgamy höweslendirmäge hem-de goldamaga uly ähmiýet berilýär.
Döwrebap bazar gatnaşykly ýokary netijeli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn döretmek,
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek,
ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, durnukly ösüş depginlerini üpjün
etmegiň möhüm şerti hökmünde sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipeleri ileri
tutulýar.
Türkmenistanyň sergi bölüminde halk hojalygynyň esasy
pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika pudagynyň, ýokary hilli nebit
önümlerini, polietilen, polipropilen we beýleki önümleri öndürýän
nebitgazhimiýa senagatynyň önümleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde dokma we
ýeňil senagatyň dürli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşleri
bar. Milli ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň elektron senagatynyň
ösmegine ýardam edýär. Onuň önümleriniň nusgalary — kompýuter tehnikasy, Wi-Fi
routerleri, LED lampalar we beýleki önümler hem Türkmenistanyň pawilýonynda
görkezilýär.
Ýurdumyzyň sergi bölüminde meşhur türkmen halylary
aýratyn orun eýeleýär. Halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň çeper beýany, onuň baý
medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, zehinli türkmen halyçylary
tarapyndan döredilen önümler gözelligi we ýokary hilliligi bilen tutuş dünýäde
uly baha mynasyp bolýar hem-de şan-şöhrat gazanýar. Asyrlaryň jümmüşinden
gözbaş alýan halyçylygyň täsin milli däpleri aýawly saklanylýar we
nesilden-nesle geçirilýär. Sergide görkezilýän el halylarynyň hatarynda ajaýyp ýüpek
halylar hem bar.
Türkmenistanyň
pawilýonynyň aýratyn bölümi ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyna bagyşlanýar. Bu
ýerde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň şekili görkezilýär. Portuň öňdebaryjy
düzümi sebit we yklym derejesinde deňiz, multimodal ýük daşamalary üçin giň
mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de
durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan sebitiň möhüm
üstaşyr ulag, iri logistika merkezine öwrülýär.
Döwlet
Baştutanlary sergi bilen tanşyp, onuň guralyşyna ýokary baha berdiler we
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de
ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň, mümkinçilikleriň
bardygyny bellediler.
Dostlukly
döwletleriň Baştutanlary Halkara sergi merkezinden çykyp, açyk meýdançada
goýlan, sebitiň ýurtlarynda çykarylýan oba hojalyk, awtoulag we beýleki
ýöriteleşdirilen tehnikalaryň nusgalaryny synladylar.
Belent
mertebeli myhmanlaryň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali
Rahmonyň adyndan «Kohi Istiklol» köşgünde resmi kabul edişlik guraldy.
Hormatly
Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.