2023-nji
ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli Katarda geçiriljek
«Expo-2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň ýygnagyna
goşuldy.
Geňeşiň
mejlisine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy
Mergen Gurdow we Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Myratgeldi
Seýitmämmedow gatnaşdy.
«Expo-2023
Doha» Katarda, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ilkinji halkara
bagbançylyk sergisi hökmünde taryha girer. Serginiň «Ýaşyl çöl, has gowy
daşky gurşaw» mowzugy halkara jemgyýetçiligi çölleşmegi azaltmak üçin
innowasion çözgütleri öwrenmäge we kabul etmäge ruhlandyrmagy maksat edinýär.
Habar
berlişi ýaly, sergi meýdançasy Pars aýlagynyň suwlaryna haýran galdyryjy
görnüşleri açýan ajaýyp Al-Bidda seýilgähinde, 1,7 million inedördül metr
giňişlikde ýerleşer. Häzirki wagtda 57 ýurt bu sergä gatnaşjakdygyny
tassyklady.
Kataryň
habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, ýygnaga gatnaşýan 46 ýurtdan
wekiller gatnaşdylar we sergi üçin guramaçylyk we maddy-tehniki üpjünçilik
çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar.