11-nji sentýabrda Seulda “Merkezi Aziýa - Koreýa
Respublikasy” Hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariaty, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalary bilen bilelikde syýahatçylyk pudagynda
hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan tegelek stol gurnady. Duşuşyga Merkezi Aziýa
döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem
bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri
gatnaşdy.
Duşuşykda syýahatçylyk pudagynyň
ösüşi, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda we Koreýa
Respublikasynda pandemiýadan soňky döwürde syýahatçylyk pudagynyň gaýtadan
dikeldilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşyldy. “Akylly
syýahatçylygyň” üstünlikli tejribesini öwrenmegiň we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen
Koreýa Respublikasynyň arasynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagynyň ähmiýeti
hem nygtaldy.
Tegelek stoluň barşynda türkmen
tarapy gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy baradaky maglumatlar
bilen tanyşdyrdy we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada
wideoşekiller görkezildi.