11-nji
sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli
wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmak, halklarymyzyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak
boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly
ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda
bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan
Thyongyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli halkyna iberen mähirli salamyny,
bagt we ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky
arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň
barşynda diplomat ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen
giňişleýin tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň
bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň üýtgewsiz
ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, şol sanda Wýetnam Sosialistik
Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Ilçi Dang
Min Khoý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy nyşanyna
öwrülen ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylyşy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki milli we halkara
ähmiýetli möhüm taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Netijeli
gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji
nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde ösdürilýän türkmen-wýetnam
hyzmatdaşlygynyň giň ugurlardaky meseleleri boýunça pikir alşyldy. Parlamentara
gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi
boldy.
Duşuşygyň
ahyrynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Dang Min Khoý däp bolan dostlukly wýetnam-türkmen gatnaşyklaryny
ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek
üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.