13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilen «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binasy açyldy. 

Fransiýanyň meşhur компанией «Bouygues Batiment International» kompaniýasy tarapyndan gurlan 15 gatly bu binanyň umumy meýdany umumy meýdany 16 müň inedördül metrden gowrakdyr. Beýikligi bolsa, 76,5 metre, ini 35,5 metre barabardyr. “A” toplumda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. 1-nji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2 — 11-nji gatlarda iş otaglary bar. Binanyň ýokarky gatlarynda bankyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary ýerleşýär.

 “B” toplumda ikinji gatda amallar zaly, müşderiler bilen işlemek üçin otaglar, kassalar ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde gazna, naharhana, gulluk ulaglary üçin duralga bar. 

Bina durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy. Binanyň içki bezeg işlerinde milli nakgaşlygyň nusgalary ulanyldy. Binanyň girelgesiniň öňündäki meýdançada ýaş nahallar oturdyldy. 

Mälim bolşy ýaly, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň öňdebaryjy täjirçilik banklarynyň biridir, ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bir bank gullugy işjeň hereket edýär. Bank ilkinjileriň biri bolup, kiçi we orta telekeçilige maliýe goldawyny berip başlady Onuň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, bilelikdäki kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri peýdalanýarlar. Mundan başga-da, bank ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak boýunça işleri geçirýär. “Senagat” banky “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň biridir. 

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «The Banker» žurnalynyň 2015-nji we 2016-njy ýyllarda geçiren bäsleşikleriniň netijesinde, iki gezek «Türkmenistanyň iň gowy banky» adyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. 

 “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň ileri tutýan ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamakdan ybaratdyr. Bank ýuridik we fiziki şahslar üçin karzlaşdyrmak, kepillendirilen depozit amallary, elektron pul geçirimleri, elektron tölegleri we beýleki bank hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. 

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň esasy maksady ilatyň pul serişdelerini goýumlara çekmek bolup durýar. Şol serişdeler uzakmöhletli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur karz goýumlarynyň möhüm çeşmesine öwrülýär. 

Häzirki wagtda bank ilatyň isleglerini we tekliplerini nazara almak bilen, dürli şertleri bolan goýumlaryň 9 görnüşini hödürleýär. Internet söwdasy bankyň täze hyzmatlarynyň biridir. «Elektron söwda» hyzmaty Internet arkaly harytlary we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. «Elektron söwda» hyzmatlaryna bolan isleg barha artýar, munuň özi nagt däl görnüşde elektron söwdany amala aşyrýan bankyň müşderileriniň sanynyň köpelýändigini tassyklaýar.