11-nji
sentýabrda Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Türkmenistana
saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onda
özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesi boýunça
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, şol sanda Newa
boýundaky şäheriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
üçin köpugurly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Ynsanperwer
ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň we
Russiýanyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de wagyz etmek bilen
baglylykda, beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiligine garaldy.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz bilen Sankt-Peterburg şäheriniň arasynda söwda
gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine deglip geçildi.
Sankt-Peterburgyň
gubernatory paýtagtymyzdaky milli gahrymanlaryň — Watanymyzyň goragçylarynyň
hem-de 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň
ýadygärligini ebedileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýdy.
Şeýle hem şol
gün Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalary
Arkadag şäherine baryp gördüler. Şäher häkimliginde russiýaly hyzmatdaşlaryň
täze şäheriň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Iki şäheriň arasynda
dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň
hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer babatda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga we Arkadag şäheriniň häkimligi bilen
Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň
Meýilnamasyna — “Ýol kartasyna” gol çekildi.
Russiýaly
myhmanlara Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän “akylly” şäher bilen
tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly şähergurluşyk
taslamasyny amala aşyrmak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Kanunçylyk esasynda
döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag
şäheriniň keşbinde binagärligiň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri milli
binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu şäher “akylly” şäher
konsepsiýasy esasynda gurlandyr, onda şäher durmuşynyň ähli ulgamlaryna
öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa, ekologik taýdan arassa “ýaşyl”
tehnologiýalar ornaşdyryldy. Halkara guramalaryň we iri daşary ýurt kompaniýalarynyň
şahadatnamalarynyňdyr diplomlarynyň birnäçesiniň gowşurylmagy täze şäheriň
täsin aýratynlyklarynyň ykrarnamasydyr.
Sankt-Peterburgyň
gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýet agzalary Arkadag şäheriniň ajaýyp
ýerleri hem-de durmuş maksatly iri toplumlary, şol sanda bilim, lukmançylyk,
medeni, sport we beýleki ugurly iri desgalar toplumyny öz içine alýan şäher
düzümi bilen tanşyp, ilatyň amatly ýaşamagy üçin döredilen şertlere ýokary baha
berdiler.