11-nji
sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy
kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz
duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen
mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň
Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Newa boýundaky şäheriň biziň ýurdumyz bilen
türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk
gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi
tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa
Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan
edip, Türkmenistanda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly
ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de soňky ýyllarda özara
bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny
kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen,
Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň geljekde-de
köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiginiň
aýdyň beýanydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk
edýär. Şunda biziň ýurdumyz bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan
netijeli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Newa boýundaky
şäheriň arasynda ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi.
Sankt-Peterburgyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Oba
hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk senagaty ulgamynda hem netijeli
hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz
sankt-peterburgly hyzmatdaşlaryň täze ugurlar, şol sanda sanlylaşdyrmak,
“akylly” şäherleri gurmak, şeýle hem beýleki möhüm ulgamlar boýunça
tekliplerine garamaga taýýardyr. Şol bir wagtda, ylym-bilim hyzmatdaşlygyna uly
üns berilýär.
Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň möhüm
ugurlary boýunça düýpli we anyk söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk
bildirip, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň Newa
boýundaky şäher bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly
goşandyny aýratyn nygtady.
Aleksandr Beglow Aşgabada şu gezekki saparynyň özünde
galdyran täsirleri barada aýtmak bilen, ajaýyp, häzirki zaman we okgunly ösýän
şäher bolan ak mermerli türkmen paýtagtynyň hemişe haýran galdyrýandygyny, onuň
täsin binagärlik keşbini synlap, lezzet alýandygyny, şäherde ýylyň-ýylyna täze
ajaýyp desgalaryň peýda bolýandygyny hem-de onuň gök begrese bürenýändigini
belledi. Şonuň bilen birlikde, myhman ýurdumyzyň ähli ulgamlarda, ykdysadyýetde
we önümçilik pudagynda, durmuş we bilim ulgamlarynda ýeten belent sepgitleriniň
özünde uly täsir galdyrandygyny aýratyn nygtap, ýakynda açylan täze
mekdepleriň, ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň binalar toplumlarynyň muňa
aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň
we Newa boýundaky şäheriň däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny
tassyklap, onuň türkmen-rus döwletara dialogynyň ileri tutulýan ugurlaryna
laýyk gelýändigini hem-de many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna ýardam
edýändigini bellediler.