8-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik
Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň
ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy
geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda
türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini
ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji
nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklary beýan edildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara gün
tertibi barada pikir alyşmak maksady bilen yzygiderli syýasy geňeşmeleriň
işjeňligini saklamak barada ylalaşdylar.
Döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek nukdaýnazaryndan
bilim, ylym, sport we medeni alyş-çalyş ugurlarynda geljekki hyzmatdaşlygyň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Wýetnamyň
arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde bellenildi.
Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň işewür
toparlarynyň, degişli döwlet edaralarynyň arasynda birnäçe çäreleri geçirmek
teklip edildi.