Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň
resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine
görä, saparyň ilkinji gününiň çäginde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň
"MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän
fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür
wekillerine ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary we maýa goýum
mümkinçilikleri barada maglumat berdi.
Foruma gatnaşyjylar söwda, ykdysadyýet, energetika, oba
hojalygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça
türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek barada pikir
alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, nebit-gaz we gaz himiýa pudaklary, elektrik
energetikasy, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk senagaty we derman senagaty,
maliýe-bank pudagy, şeýle hem suw dolandyryş toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
4-nji sentýabrda R.Meredow Fransiýanyň işewür
toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasynyň
hormatly prezidenti, “CIFAL International Services” kompaniýasynyň prezidenti
Žill Remi, “CARPI Tech” kompaniýasynyň hormatly prezidenti Alberto Mariýa
Skuero we bu kompaniýanyň baş direktory Fransua Tronel, “Bouygues” kompaniýalar
toparynyň prezidenti Marten Buig, “Vinci Construction Grands Projets”
kompaniýalarynyň prezidenti Patrik Kadri bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pariže saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň
agzalary dürli döwlet edaralarynyň hem-de fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary
we wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.