Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 48 sany
döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryny geçirer diýip,
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Söwdalarda hususy we ýuridik şahslara Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalygy
ministrliginiň, Suw serişdeleri boýunça döwlet komitetiniň,
«Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň, Aşgabat şäheriniň, Daşoguz, Lebap, Mary we
Balkan welaýatlarynyň häkimlikleriniň, «Türkmenbaşy» bankynyň, Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary we
desgalary satylar.
Söwdalar 20-nji sentýabrda döwlet emlägini satmak
boýunça sanly platformada we bu platformanyň mobil goşundysy arkaly geçiriler.
Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna,
şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylsyz edaralaryna
gatnaşmaga rugsat berilýär.