5-nji sentýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň
prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi
üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň
mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň döredijilik ýolundan ynamly öňe barýan
Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma
bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow «Günüň dogýan ýurdunyň» öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň
biriniň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli
mübärekläp hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy
arzuwlaryny beýan edip, şu saparyň dowamynda bilim ulgamynda ýola goýlan
gatnaşyklary has-da berkitmek boýunça gepleşikleri geçirmäge, özara gyzyklanma
bildirilýän beýleki ugurlar barada pikir alyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu saparyň netijeleriniň medeni-ynsanperwer
ulgamdaky türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga
itergi berjekdigine berk ynam bildirildi.
Nygtalyşy ýaly, däp bolan döwletara
gatnaşyklar köpýyllyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýar.
Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy berkitmek
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda
galýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy,
söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejede alnyp
barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Ylym we bilim ulgamynda däp bolan
türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin açylýan giň mümkinçilikler ara
alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Ýurtlaryň ikisi hem bu
ulgamy kämilleşdirmäge hemmetaraplaýyn ösüşiň möhüm şerti hökmünde garaýarlar.
Taraplaryň pikirine görä, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda eýýäm
bilelikde uly işler durmuşa geçirildi, şol bir wagtyň özünde, bu gatnaşyklary
ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi
ýaly, milli bilim ulgamyny ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek
arkaly ony hil taýdan täze derejä çykarmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan möhüm ugrudyr. Golaýda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli
ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek
hem-de düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.
Biz bilim ulgamyny kämilleşdirmekde
halkara tejribäniň we gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistan
bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň
netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim
almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň
öwredilmegi, ylym-bilim wekilleriniň gatnaşyklary muňa mysal bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň
netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwrebap bilimli, sazlaşykly
ösen we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmekde
wajyp bolan bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Sukuba uniwersitetiniň prezidenti
döwlet Baştutanymyza iki ýurduň köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge
hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda,
köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň esasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
goýlandygyny belledi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň Sukuba
uniwersitetiniň hormatly doktory bolup durýandygyny we giň gerimli döwlet işi
bilen bir hatarda, hemişe ylmy-barlag işlerine uly üns berendigini we
berýändigini hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy
goşandyny goşýandygyny buýsanç bilen belledi.
Bellenilişi ýaly, ozal ýokary
derejede gazanylan ylalaşyklar işgärleri taýýarlamak, şol sanda ýapon
hünärmenlerini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak, dürli pudaklaryň
hünärmenleri üçin okuwlary we tejribe alyşmagy guramagyň hasabyna işgärleri
taýýarlamak ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertler
döredilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Sukuba uniwersitetiniň prezidenti
Kýosuke Nagata birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdiler.