4-nji awgustda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk
toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işlere garaldy.
Ilki
bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlaryň oba
hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin pagta
arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary we
pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak işleri utgaşykly
alnyp barylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 9-njy sentýabrda Ahal
welaýatda pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi mynasybetli çäräni ýokary
derejede geçirmek maksady bilen degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Welaýatlaryň
güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Mundan
başga-da, häkimler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli
welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we
beýleki maksatly binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri, şeýle hem bu
baýram mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat
berdiler.
Hormatly
Prezidentimiziň Daşoguz welaýatynda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine, 15-nji
sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi bilen, bu jogapkärli
möwsümlere dabaraly hem-de guramaçylykly girişmek boýunça degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň “ak pata” bermegi bilen ýurdumyzyň
welaýatlarynda şu ýylyň 6-njy sentýabrynda bugdaý ekişine başlamak boýunça
degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäklerinde bugdaý
ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş we çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak
işleri geçirilýär. Möwsümde ulanyljak bugdaý ekiji gurallary we bejergi
traktorlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.
Şeýle
hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň
gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam etdirilýär.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişiniň
hem-de pagta ýygymynyň ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň
zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, bu möwsümlere girişmek
dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli
tabşyryklary berdi.