2-nji
sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal
welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde
gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň
bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen
şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde Milli Liderimiziň ähli ugurlar boýunça
başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly
baştutanlygy bilen üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň we her
bir raýatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we
berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda
belent sepgitlere ýetildi hem-de bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Bäherden
etrabynyň çäginde ýerleşýän we saglygy goraýyş babatda häzirki zaman şypahana
hyzmatlaryny hödürleýän «Arçman» şypahanasyna tarap ugur aldy.
Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary ynsan
saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän döwrebap şypahananyň çäginde gondy.
Bu ýerde
Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy.
Ilki bilen,
lukman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynyň şypaly suwly çeşmesiniň gözbaşyna
bardy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň,
bejeriş häsiýetli palçyklaryň aýratynlyklary, şypahana bejerişiniň dürli
ugurlary, aýratyn-da, bu şypahananyň bejeriş ugurlary ylmy esasda öwrenilip,
olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala
aşyrylýar.
Köp
ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden lukman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynyň bejerijilik ukyby
ýokary derejä eýe bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk
maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem hormatly
Arkadagymyz bu şypahananyň tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly
howa gurşawynyň özboluşlylygy barada aýdyp, onuň ägirt uly bejeriş ukybynyň
bardygyny belledi we şypahananyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli
peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz şypahananyň mineral suwuny içmek üçin niýetlenen bölümine
bardy hem-de dynç alýan we saglygyny berkidýän adamlar bilen görşüp, olaryň
saglyk ýagdaýlary, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen
içgin gyzyklandy. Şypahanada bolup, saglygyny berkidýän adamlar öz aralaryna
gelip, adamlaryň alýan bejergileri hem-de şypahananyň mümkinçilikleri bilen
gyzyklanandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk
sözlerini aýtdylar.
«Arçman»
şypahanasynda ýola goýlan hyzmatlar, onuň bejeriş suwunyň derejesi bu ýerde
saglygyny berkidýänlere özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, ýokary
derejeli dynç almak, saglyklaryny berkitmek üçin bu ýere gelýänleriň sany
yzygiderli artýar. Munuň özi şypahanada ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary
halkara görkezijilere we saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly
laýyk gelýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Lukman
Arkadagymyz bu bölümiň çägini giňeltmek, onda saglygyny berkidýän adamlar üçin
ähli zerur mümkinçilikleri üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi
tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde, bölümiň abadançylyk we arassaçylyk ýagdaýy
yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr. Bu ýerde adamlaryň şypaly suwdan
içmekleri, olaryň oňaýly dynç almaklary üçin döredilýän şertler ýokary halkara
görkezijilere doly laýyk gelmelidir.
Mälim bolşy
ýaly, «Arçman» şypahanasynda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy
bilen giň gerimli işlere badalga berilýär. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk
täze bina guruldy. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi we giň
gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, şypahananyň
çäklerinde Saglyk ýoly çekildi. Bu bolsa şypahananyň melhem suwy bilen
bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Şypahananyň
işiniň guralyşy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde saglygyňy dikeldiş ulgamynyň
netijeli usuly hökmünde bejeriş bedenterbiýesine möhüm üns berilýändigini
bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, şypaly suw çeşmesiniň melhemlik häsiýetleri
işjeň ulanylýar.
Gahryman
Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynyň şypaly suw bilen bejeriş bölümine baryp,
bölümiň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen şertler we saglygyny berkidýän
adamlara bu ýerde hödürlenýän sagaldyş hyzmatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.
Bu bölümiň enjamlaşdyrylyşyny häzirki döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça
zerur tagallalary etmegi tabşyryp, lukman Arkadagymyz bölümiň durkuny düýpli
täzelemek meselelerine garamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
«Saglyk»
Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň
çäklerinde, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç
alyş, syýahatçylyk ugruna degişli täze desgalar gurlup ulanmaga berilýär.
Häzirki zaman şypahanalarynyň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenýän hyzmatlar
ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär.
Dynç
alýanlar Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa ilatyň saglygyny dikeltmek we berkitmek ugrunda döredilen
şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, şeýle-de olar lukman
Arkadagymyza özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler.
Soňra Milli
Liderimiz «Arçman» şypahanasynyň degişli binalarynyň durkuny täzelemek we bu
ýerde häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binany gurmak boýunça işlenip
taýýarlanylan şekil taslamalary hem-de desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň
çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şypahananyň çäginde
gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, ozal bar bolan
desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary hem-de degişli düzümleriň ýerleşýän
ýerleriniň çyzgylary we bu babatda meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Arçman» şypahanasynda
täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi. Şeýlelikde,
şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň mukdary, onuň çykymy ylmy esasda öwrenildi.
Şypahananyň täze binasy gurlandan soňra, bu ýerde birbada 1 müň 320 adamyň
bejergi almagy üçin mümkinçilik dörär.
Şeýle hem
bu ýerde «Arçman» şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze
binanyň, durky täzelenjek Saglyk ýolunyň, dynç alýanlara niýetlenen
bassyrmalaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, agyz suwy, şypaly suw
ulgamlarynyň, elektrik, gaz we lagym geçirijileriň, şypahananyň durmuş
üpjünçiligine degişli birnäçe tehniki desgalaryň, awtomobil ýolunyň
taslamalary, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça
meýilleşdirilen işleriň, şypahananyň çäginde oturdylmagy göz öňünde tutulýan
aýmançalaryň görnüşleri görkezildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara
birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Täze binalary
gurmak we desgalaryň durkuny täzelemek işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri
bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajyp bolup durýar.
Şunda ýerli tebigatyň özboluşly aýratynlyklaryna we çägiň ekologiýa ýagdaýyna
möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, hut şu
talaplardan ugur alynmalydyr.
Gahryman
Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş
ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adamlaryň saglygy, olaryň bagtyýar durmuşy
baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunda şypahana düzümine
degişli desgalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline, olaryň uzak
möhletleýin häsiýetde bolmagyna zerur üns berilmelidir. Munuň özi taslamalary
taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän möhüm talap bolup durýar.
Şunuň bilen
baglylykda, şypahananyň çägini giňeltmek, bu ýerde täze sagaldyş binalaryny
gurmak hem-de Arçmanyň şypaly suwuny netijeli peýdalanmak meselelerine ylmy
esasda çemeleşilmelidigini belläp, lukman Arkadagymyz şypahananyň we onuň
mineral suwunyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan yzygiderli öwrenilmeginiň
zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleriň üstünlikli
ýerine ýetirilmeginiň, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen wagtda we
ýokary hil derejesinde amala aşyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini
belläp, bu işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde
saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň,
birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş
ulgamyna hem-de ugurdaş pudaklara degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Lukman
Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyzyň görkezmesine laýyklykda, şu gün hormatly
Prezidentimiziň egindeşleri bilen bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak
we bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gelendiklerini aýtdy.
Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda
ynsan saglygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini
belläp, Gahryman Arkadagymyz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan
adamyň saglygyny goramagyň wajyp wezipedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, şypahana düzüminiň işini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns
berilmelidir.
Döwletimiz
öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda hemişe alada edýär. Sebäbi
sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň binýadydyr. Biziň her birimiziň saglyga degişli
ýönekeý talaplary we barlaglary berjaý etmegimiz zerurdyr. Şeýlelikde, sagdyn
durmuş kadalarynyň berk berjaý edilmegi raýatlaryň saglygynyň berkidilmeginiň
möhüm şerti bolup durýar. Iň esasysy bolsa, adamyň saglygy, nesilleriň geljegi
hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr diýip, lukman Arkadagymyz sözüni dowam
etdi.
Şypahana
düzümleriniň döwrebap ulgamyny döretmegiň hem-de olaryň maddy-tehniki
üpjünçiligini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini belläp, lukman
Arkadagymyz ýurdumyzda döwlet derejesinde amala aşyrylan işleriň netijesinde,
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna
öwrülendigini aýtdy. Şeýlelikde, «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap»,
«Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Awaza» we «Bagabat» şypahanalarynyň ähli
mümkinçilikleri halkymyzyň sagdynlygynyň berkidilmegine hyzmat edýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
wezipesinde işlän döwürlerinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip
taýýarlanyldy. Şunda ýurdumyzyň şypahana düzümleriniň işiniň
kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini
berdi. Şeýlelikde, güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän
döwrebap şypahanalarda raýatlarymyz öz saglyklaryny berkidýärler we döredilen
mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar.
Iş
maslahatynyň dowamynda «Arçman» şypahanasynyň lukmanlarynyň we işgärleriniň
çykyşlary diňlenildi. Olar, ilki bilen, bu ýerde işlemek we halkymyza hyzmat
etmek üçin döredilen şertleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk
gelýändigini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bellenilişi
ýaly, häzirki döwürde «Arçman» şypahanasynyň bejeriş bölüminde fizioterapiýa,
owkalama, iňňe bilen bejeriş, ozokerit, parafin, içege we kentlewük
nemlendirmek ýaly ugurlar, şeýle hem bedenterbiýe otaglary hereket edýär.
Şeýlelikde, bu ugurlar melhemlik suwuň bejerişi bilen utgaşdyrylyp, adamlaryň
saglygyny berkitmekde örän ähmiýetli hasaplanylýar.
Şeýle hem
bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy
«Arçman» şypahanasynyň täze binasynyň gurluşygyna we degişli desgalaryň durkuny
täzelemek işlerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini, şunuň bilen
baglylykda, birnäçe taslamalaryň taýýarlanylýandygyny aýtdy.
Lukman
Arkadagymyz şypahananyň binalarynyň durkuny täzelemek işlerinde we täze
desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň netijeli
ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet
berilmelidir. Şypahananyň ähli çägi bagy-bossanlyga bürenmelidir. Aýratyn-da,
gurluşyk işleri amala aşyrylanda, bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna, melhem
suwly çeşmesine zeper ýetirilmeli däldir diýip, Milli Liderimiz belledi we bu
babatda öňe sürülýän talaplary yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Şypahananyň
çäginiň ähli desgalarynyň gurluşygynda we bezeg işlerinde bolşy ýaly, bu ýerde
adamlaryň dynç almaklary üçin niýetlenen künjekleriň abadanlaşdyrylyşyna,
köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagyna zerur üns berilmelidir. Şunda
gurulmagy meýilleşdirilýän aýmançalaryň, açyk meýdanda adamlaryň dynç almaklary
üçin niýetlenen seýilgäh zolaklarynda goýuljak oturgyçlaryň oňaýlylygy möhüm
wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen işler ylmy
esasda we bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alnyp içgin öwrenilmelidir
diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
iş maslahatyny jemläp, hemmelere alyp barýan işlerinde we öňde goýlan
wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmeklerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyza tarap ugur aldy.
Uçuş mahaly
Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler we obalaryň
hem-de şäherleriň durkuny täzelemek boýunça özgertmeler maksatnamasynyň ýerine
ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary Arkadag şäheriniň
ýokarsynda öwrüm etdi. Guşuçar belentlikden täze şäheriň keşbi has-da gözel
görünýär. Arkadag şäheriniň ýollarynyň gurluşygy, durmuş maksatly binalaryň
ýerleşdirilişi we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy häzirki zaman
binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi Türkmenistanyň at gazanan
arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň
binagärlik çözgüdiniň ýokary derejä eýedigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Mälim bolşy ýaly, gurluşygyň ikinji tapgyrynda saglygy
goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň, ýeňil senagat boýunça önümçilik
kuwwatlyklarynyň, şeýle hem azyk harytlarynyň önümçiligine degişli toplumyň
gurluşygy meýilleşdirildi. Munuň özi täze iş orunlaryny döretmek bilen bir
hatarda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ýurdumyzyň eksport
mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işlerden ybaratdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň çägini
giňeltmek, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny gurmak
meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu işleriň ýokary hil derejesine we
häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi.
Bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup
durýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi