Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Belarusyň daşary işler ministri Sergeý Aleýnik bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky diplomatik gullugy habar berýär.

Habarad bellenilişi ýaly, taraplar Türkmen-Belarus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, syýasy, jemgyýetçilik we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, halkara guramalaryň arasynda özara gatnaşyk we özara goldaw meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy